Dünýäniň iň sowuk şäheri: Ýakutsk
Russiýada - doňduryp barýan sowugyň adaty ýaşaýşa täsir etmeýän ýeke-täk şäheri bar. Ol «Dünýäniň iň sowuk şäheri» adyna eýe bolan Ýakutsk şäheridir. Ol ýerde gündelik adaty temperatura - 40 - 51 aralygynda.
Russiýanyň Sibir sebitinde ýerleşýän Ýakutsk şäherinde 250 müň adam ýaşaýar. 1632-nji ýylda Lena derýasynyň kenarynda döredilen Ýakutsk şäheri, Russiýa Federasiýasyna birikdirilen awtonom Ýakutiýa Respublikasynyň paýtagtydyr. Bu ýerde gyşyna temperatura - 70 gradusa çenli peselip bilýär.
Doňduryp barýan sowuga garamazdan Ýakutsk-da durmuş adaty tertipde dowam edýär. Şäherde temperatura - 52 derejeden aşak düşmese, mekdeplerde we döwlet edaralarynda iş dowam edýär.
Rus taryhynda bu sebit syýasy sürgün şäheri hökmünde tanalýar, bir döwürler bu ýerde Lenin we Stalin ýaly meşhur syýasy ýolbaşçylar hem ýaşapdyr.
Sebit minerallara örän baý. Ýakutsk dünýädäki göwherleriň bäşden biriniň öndürilýän we Russiýadaky altyn känleriniň 40 göteriminiň ýerleşýän şäheridir. Şeýle hem bu ýerde tebigy gaz we nebit gorlary örän köp.
Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başaran Ýakutsk şäheri dünýä belli suratçylaryň hem ýygy-ýygydan surata düşýän ýerleriniň arasynda bolup durýar.
Ýakutsk-da aşa sowuk sebäpli köplenç howa menzilinde uçarlaryň gonmagyna rugsat berilmeýär. Şeýle hem bu ýerde täze miweler we gök önümler diňe ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Buz bilen örtülen sebitde hiç hili oba hojalyk ekinlerini ösdürip bolmaýandygy sebäpli adamlar balyk we et önümlerini iýýärler.