Şahsyýetsizlik
Patyşa wezirinden sorapdyr:
– Adama tälim-sowat gerekmi ýa-da onda şahsyýet kemala gelmelimi?
Wezir ikirjiňlenmän şeýle diýip jogap beripdir:
– Şahsyýet kemala gelmeli.
Şeýlelikde, patyşa «Eşitdik-eşitmedik diýmäň, iň ussat haýwan tälimçisine ýüz tylla beriljekdir» diýip, jar çekdiripdir. Onsoň, özüne göwni ýetýän haýwan tälimçileriniň birini patyşanyň huzuryna getiripdirler. Patyşa tälimçiden:
– Pişige tabak-mejime göterip, saçagyň başynda hyzmat etmegi öwretmek üçin saňa näçe wagt gerek bolar? – diýip sorapdyr. Tälimçi:
– Alty aý – diýip jogap beripdir. Aradan alty aý geçipdir. Patyşa ýene ýaňky tälimçisini ýanyna çagyrypdyr.
– Öwretdiňmi?
– Öwretdim, patyşahym!
Köşke adamlar ýygnanyşypdyr. Pişik ir-iýmişden doly mejimäni göterip, her kime hödür edýärmiş. Ol weziriň hem öňüne baryp, mejimäni uzadypdyr. Şonda patyşa wezirinden sorapdyr:
– Gördüňmi, tälim-sowat has möhüm ekenmi ýa-da şahsyýet kämilligimi?
Wezir hiç kime görkezmän, ýany bilen syçan alyp gelen eken. Ol patyşanyň soragyna bada-bat jogap bermändir. Jübüsinden syçany alaga-da, ýere taşlapdyr. Pişik muny görüp, şobada elindäki mejimäni ýere bulap urupdyr-da, syçanyň yzyndan eňipdir. Şeýlelikde, tälimçiniň alty aýlyk okuwy hem puç bolupdyr. Onsoň, wezir patyşa şeýle diýip jogap beripdir:
– Şahsyýetiň kemala gelmegi has möhüm, patyşahym!
Öňünden syçan çykan mahaly özüne berlen tälim-sowady ýatdan çykarýan pişik mysaly, sähel mümkinçilik döredigi derrew özüniň bähbidine çapýan, ynanç-messebinden gypynçsyz el çekip bilýän sowatly, emma şahsyýetsiz adam bolmakdan Allatagalanyň özi bizi gorawersin!