Täze ýyl — dünýä ýurtlarynyň uly höwes hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramy. Bu baýram bütin dünýäde şatlyk-şagalaňly bellenilip geçilýär.
Täze ýyl baýramçylygyny bellemek adaty ilki Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Dünýä alymlarynyň çaklamalaryna görä bu baýramçylyk ilkinji gezek b.e.öňki 3-nji müňýyllykda bellenilip geçilipdir. Şol döwürlerde täze ýylyň ilkinji günleri işlemek gadagan edilipdir.
Dünýä ýurtlarynda Täze ýyl baýramçylygy şol ýurduň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä dürli ýagdaýlarda bellenilip geçilýär.
*Rimlilerde 1-nji ýanwar güni täze bir işiň başy başlanypdyr. Ýagny olarda Täze ýylyň ilkinji güni islendik başlangyçlar üçin sähetli gün diýlip hasap edilipdir.
*Beýik Britaniýada Täze ýyl gijesi sagadyň dili 00:00-a ýetende ýaşaýjylar jaýyň arka tarapyndaky gapyny açyp köne ýyly ugradýarlar, jaýyň öňki gapysyndan bolsa täze ýyly garşy alýarlar. Sagat 00:00-dan soň öýe ilkinji bolup gara saçly bir ýaş ýigit girse (ýagny ilkinji myhman hökmünde) gelen Täze ýyl şowly ýyl hasaplanylýar.
*Ispaniýada Täze ýyl gijesi üzüm iýmek däbi bar. Sagat 00:00-a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. 12 üzüm dänesi ýylyň 12 aýyny alamatlandyrýar.
*Italiýanyň ýaşaýjylary Täze ýyla birnäçe minut galanda öýdäki bar bolan döwük ýa-da köne zatlary (gap gaçlar… hatda mebellerem) penjireden zyňýarlar. Täze ýyl gijesi köne zatlaryňy zyňan ýagdaýyňda täze ýylda täze haryt almaga mümkinçiligiň boljakdygyna ynanýarlar.