violinist
20.12.2022 10:14
Goý birikdirmän geçsin bizi ýyllar...
ýollar... ýodalar...
Kesişmesin ekwatoryň çyzyklary.
Aýry dünýäňde ýaşaber.
Ýöne aglama diýjek däl saňa.
Gizle diňe gözýaşlarňy.
Men seniň her nämede bolsa güýçlidigiňe ynanýan.
Göresiň gelse senem şol pursatda ýatlaýanymy, ýüregiň sesini diňleýänimi unutmagyn hiç haçan. Seniň her wagtky ahwalyňy bilýändirin bary bir.
Aýdyber arzyň bolsa maňa diňlärin.
Bilýäňmi juda ýakynymda gürleýäniňi.
Täze günler bilen gatnaýaňmy işiňe? Şol pursatlar aýyryp goýber ähli kineleriňi.
Göwnüň tans etsin her säheriň täze sazyna
Giň ulagyň penjiresinden däl assaja ädimläp synla-da, dünýäni.
Parhsyz geçmäli indi bir hiç zatlardan.
"Garaşgyn bararyn" diýipdim.
Ýöne bilýäňmi men nirede eglenýänimi...
Her gün ýaşanda, gyzyl şapakda...
Ýagyşlarda, ýaşlarda her damjalarda eglenýän-dä men .
Onsaňam aýna däl ahyry barýan ýodalam.
Çaňly, tozanly ýodalarda men.
Sen maňa garaş ýöne bolýamy?
Bu ýodalaryň bary bir ýola birigýär ahyryn.


Bilbil KAKABAÝEWA
17
133
Myhman Myhman
22 Dekabr 2022
Yuregin doly dert eken
gulshatayewa97
20 Dekabr 2022
Garaş maňa garaşmakdan ýadama... şondan uly bagt bamy adamaa diýip bir aýdymam bolmaly...
Leýla💔
20 Dekabr 2022
İ like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.