BaýramBejidow
20.12.2022 02:00
Bir gün gelip, gyzyklansañ men hakda,
Hasratlarda goýanyñy bilginiñ!.
Sensizlikde gursagyma dem tapman,
Bu dünýeden doýanymy bilginiñ!.

Irizipdir ykbalymyñ şertleri,
Bolýamy nä?, Ejizläñde mert gezip,
Ýaş kalbyma tükeniksiz dert berip,
Diriligme soýanyñy bilginiñ!.

Tanap bilen tal-a dañyp tama-na,
Aramyzda ýer goýmadyk salam-a,
Küle dönen kagyz ýaly hamala,
Yşkym bilen köýenimi bilginiñ!.

Bolsa-da bu sözi diýmegim aýyp,
Seniñ üçin bagrym dilmelem haýyp,
Ah! şonda-da ornuñy oýup goýup,
Çyn ýürekden söýenimi bilginiñ!.

Awtory: Baýram Bejidow
31
119
lalahan
20 Dekabr 2022
Gosgy diysen gowy 👍👍👍
gulshatayewa97
20 Dekabr 2022
🙃🙈💔gynanma
Myhman Myhman
20 Dekabr 2022
🥺.🥺.🥺.🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.