Maýa06
19.12.2022 20:52
Armanda goýan ömür (bolan waka)

Size gürruň berjek bolýan bu wakam durmuşda arman çekip ýat ýerlerde ,özi ýaşajyk gyz hem bolsa durmuşyň ýoguz külpetlerin erkek ýaly mert duryp çekýan mähriban jorama bagyşlap ýazýaryn...
Leýli öziniň öňünde goýlan yoguz durmuş barada ol ýatsa tursa hiç pikir edmandi. Heniz 20 ýaşamadyk gyzyň başyna düşen bu ahwalatyň öňünde, ol mert durjak bolyp çalyşdy. Ol özüniň ýeke däldigin bildirmejek bolup jan etdi .
Tomus kanikula gelen wagty her talyp öz ýurduna gaýdanda ejesin, kakasyn, doganyn görmek üçin howlykýardy. Ol bolsa sessiz içinden aglap diňe mähriban ojagyn gormage gelýärdi. Boşap galan öýi görup öz durmyşyndan nalamady, ýenede şükür etdi. Gijelerine ýeke galyp ýüregin aglap boşatdy, ýöne elinden gelýän zat ýokdy, ol mert durdy, çydady.
Okuwyny dowam etdi. Tomus dynç alyşa gelip, öýde wagty uzaklara seredip ,geçen günleri bir laý göz öňüne getirerdi. Ol öz mähribanlaryny küseýärdi. Oňa mähir ýetenok. Ondada diňe ene mähri. Hossar dogan mähri onyň ýüregi küseýärdi. Ol ejesin gaty göresi gelýardi, küseýardi. Geçen günleri ýatlanda, çep gapdal gursagynda pyçak sünjülen ýaly bolýardy. Geşmişi ýatlady. Ony ýatlanda-da yzyna dolanjak gumany yokdy,oňa Leýliň akyly çatýardy...
Leýliniň ejesi Merýem eje bu öýe gelin bolyp düşende sag aýagyn bagt islap töre ätlapdi. Ilki günler durmuşy öz akymy boýunça asuda geçip durdy. Ol şäherdäki mekdepde mugallym bolup işlap ýördi. Wagtyň geçmegi bilen iki sany perzendi yzly yzyna ýaş tapawutlykda dünýa indi. Ilkinji çagasy oglanjykdy.
Oňa Ahmet, soň gyzjagaz oňa bolsa leýli diýip at goýdy, Leýlijik üç ýaşanda bu öýde bagt guşy pel-pellap durdy soň bu bagtly maşgala göz boldumy dil boldumy biljek däl, maşgalada agzalalyk başlady. Merýem eje adamsynyň bir rus zenany bilen aragatnaşyk edýandigni aňdy we wagtyň geçmegi bilen bu durmyşda açan açanlyga geçip ugrady we ol rus zenany Leýlijigiň kakasyn bularyň elinden alyp, öz ýurduna Russiýa göçüp gitdiler. Ondan soň olardan ne hawar boldy ne-de hatyr.Şo gidişi gidiş boldy. Merýem eje ruhdan düşmedi, çagajyklaryna kakasyzlygyn bildirmejek bolup elinde baryn etdi. Gaýyn atasy ogly gelninden, çagasyndan geçip gitsede, ol agtyklaryndan ýüz öwürmedi we olara maddy kömek berip durdy. Wagt geçip durdy. Çagalar ese boýa galansoň Merýem eje Ahmeti Germaniýa ugratdy. Ahmet Germaniýada hem okady hem okuwyndan daşary işledi. Leýlini bolsa Belarussiýa uniwersitetine okuwa saldy.
Iki çagasyn hersin bir ýurda okatjak bolup, ene elinde baryn etdi. Şol günleriň birinde adamsynyň aradan çykanyny eşitdi. Ol özlerinden geçip gitsede,iki çagaň hatyrasyna ol geçmändi, ýüregine saldy, sessiz aglady we ilkinji gezek infarkt berdi. Bu gezek ony lukmanlaryň kömegi bilen alnyp galyndy. Ýöne ýürekde arman galdy . Wagt geçdi ol ýarawsyzlygyn çagalaryna bildirmejek bolup jan edýardi, ýöne bu syry uzak saklap bilmedi we kanikula gelen Ahmet ejesiniň ýagdaýyn görüp Germaniýadan lukmanlar getirip seretdirmaniň ugruna çykdy. Ol okuwda wagty atasy bilen gepleşende ejesiniň hassahanadadygyn  eştdi, we ol ýurda gelýanja ejesi ikinji gezek infartdan soň, bu ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Ahmet bilen Leýli bolsa mähriban käbesin görmek üçin ýurda kanikula gelýardi. Şeýdip bu ikisi ejesiz galyberdi. Indiki durmyş nähili bolar göz öňüne getirer ýaly däldi, ýöne durmyş dowam edýardi:

Gök astynda ýalñyz men,
ýer üstünde ýalñyz men,
Özüm aglap köşeşsem –
Hiç kimse bilmez, eje!..

Bagra basyp ýatardyñ,
Başym alyp otyrdyñ,
Süýjüje düýş getirdiñ...
Ol günler gelmez, eje!..

Toýda seni gözledim,
ýasda seni gözledim.
Wah, dözmezim, dözmezim,

Töwerek ýat, daşym ýat,
Jigerim-bagrym berbat,
Gideý diýsem başym ýaş,
Geçenok günler, eje!..

Gelinbarmak üzüm deý,
ýürek üzüm-üzüm-ley,
ýer ýok ýeriñ ýüzünde-ýeý,
Barmaga ýerim, eje!..

Ne ini bar ne aga,
Ne gapy bar barmaga...
Diýdirmen ýetim çaga!
ýok, ogluñ ölmez, eje!..

Ne iýmekde many bar,
Ne geýmekde many bar.
Men ýaşary pany dar –
Duşarsmy ölsem, eje!..

Eje-eje eje jan,
Tabyt boldy kejebäñ,
ýer astynda nije jan...
Üstde men tenha, eje!..

Uçrap eýmenç külpede,
ýalñyz galdym dünýede.
Nätjek, ýüzüm gülse-de,
ýüregim gülmez, eje!..

Ahmet okuwyn dowam etmek üçin Germaniýa gitdi. Ol o taýda işlap Leýla ýakyndan maddy kömek bermeligne düşünýärdi, sebäbi bularyň okuwy döwlet tarapyn däldi, töleglidi. Bilýäňizä daşary ýurtda okajak bolsaň iň gymmat ýokarky okuw jaýy meduniwersitetlerdigini. Bu zatlardan baş alyp çykmak üçin diňe pul gerekdi. Kynçylykly günler indi başlapdy, ol hem okaýardy hem-de işleýärdi. Leýliniň okuwy üçin jan edýärdi. Ýöne wah ýöne bu-da uzak dowam etmedi.
Ahmet Germaniýada wagty ýol heläkçilige uçraýar we aradan çykýar. Leýli agasy bilen internetde gepleşip bilman, howsala düşüp ugraýar. Ahmetiň ölümin gizleýärler, ýöne nädip ölümi uzak gizlejek. Durmuşda ýalan sözlämizok diýen bolýas, ýöne ýalan sözlemeli ýerlermiz gaty kän gabat gelýar.Ahmetiň aradan çykan gününden ,onyň üçi güni Leýliň atasy hem bu zatlara ýüregi çydam edip bilmän aradan çykýar....
Indi göz öňüne getirip bilýäňizmi. Hiç kimiň başyna düşmesin welin Allajan bu durmyşyň oýnuna adam nädip döz gelýärkä diýip pikir edýan ,ýöne başyňa düşse adam başy daşdan gaty diýlenina, çydamaly bolýar, aglanyň bilen, uwlanyň bilen indi olary yzyna dolap bolanok. Leýli bu jaýyň içinde ýekeje özi bolup galýar. Onyň daýzasy namede bolsa ýakynragynda ýaşansoň, ýakyndan komek berip durýar ýöne esasy komek okuw pul, dollaryň agzyn tanatmagy bu aladalar ýaş gyzyň ýeke özüniň baş alyp çykjak işi däldi. Ýöne wah ýöne nätjek biz yza däl-de öňe gitmelidik. Leýli tirsegine galdy we özüne güýç toplap ejesiniň, agasynyň we atasynyň arzuwyn durmyşa geçirmek üçin tijendi, ol okamalydy ondada diňe ýürek lukman, kardiolog bolmalydy. Olaryň iň soňky arzuwlaryn durmyşa geçirmelidi. Ol daýzasynyň kömegi bilen öýde bar bolan maşyny satdy ýene pul ýasajak zatlary satyp okuw pullaryn jemledi we niredesiň Belarussiýa diýip okuwyn dowam etmäge ugrady... Sen mert gyz. Seniň duran ýeriňde hatda käbir erkek adam hem duryp bilmän kürtdürüp durar. Bu zatlardan hökman baş alyp çykarsyň, okuwyňy oka. Öňe seret. Geçmiş geçmişligine galsyn, indi yza yol ýok. Sen ýeke dälsiň, pikir etme ýekedirin öýtdüp şu taýda sen diýip ýören dost joralaryň badyr, we el kömek berip bilmesede olar mydama seniň bilen.

awtory:Nowça
36
241
Myhman Myhman
21 Dekabr 2022
Hm like like like 👍👍👍
Leýla💔
19 Dekabr 2022
İ like
Maýa06
19 Dekabr 2022
Bitter, bardyr menä ýok diýip biljek däl
Baslygyn ogly
19 Dekabr 2022
Howa goey eken
Maýa06
19 Dekabr 2022
Baslygyn ogly, hezil ekenmi😃
Baslygyn ogly
19 Dekabr 2022
Oooooooo gutardaý ýaltananaakmaý
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.