dream_
17.12.2022 23:49
Beýniniň işini peseldýän önümler atlandyryldy



Duzlanan hyýardyr pomidory, kakadylan we şöhlat önümlerini iýmit hökmünde ulanmak beýniniň işine ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu barada russiýaly lukman-endokrinolog Ýelena Ýewdokimowanyň berýän gürrüňlerini tengrinews.kz paýlaşýar.

“Ilkinji nobatda, duzlanan hyýardyr pomidorlary, kakadylan we şöhlat önümlerini iýmegi azaltmak maslahat berilýär. Duz bedene suwuklygyň barmagynyň öňüni alýar we damarlaryň diwarlarynyň çişmegine getirýär. Munuň özi arterial gan basyşynyň ýokarlanmagyna täsirini ýetirip, beýnide gan aýlanyşygyny ýaramazlaşdyrýar, bu bolsa onuň işiniň haýallamagyna getirýär. Şeker we onuň ornuny tutýan goşundylar hem beýniniň işi üçin zyýanlydyr” diýip, lukman gürrüň berýär.

Mundan başga-da, konditer we un önümleri, süýji we gazlandyrylan içgiler hem beýnä zyýan berip bilýär. Bu babatda alkogol aýratyn howp döredýär. Şeýle-de beýni üçin zyýanly önümleriň hatarynda tiz bişýän tagamlar (fastfud), margarin, çipsiler we süýjülikler bar.
Lukmanyň aýtmagyna görä, ýumurtga, kakao noýbasy, suw, gök çaý, bugdaý çöregi, käşir, şugundyr, zygyr ýagy ýaly önümler bolsa beýni üçin peýdaly hasaplanýar. Olar kelle beýnisini energiýadan dolduryp, onuň işini goldaýar, nerw ulgamyna oňyn täsirini ýetirýär.
23
64
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.