Dowvvran
17.12.2022 22:53
Dünýäde niçe iş bardyr, ýamandyr,
Biri oldur, ýersiz gahra joş gelse;
Aşyklara şol gün ahyrzamandyr,
Ýardan yrak düşüp, ara daş gelse.

Dostuňny egleme, nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama, syryň bilmesin,
Açda algyn, bege bergiň bolmasyn,
Iş müşgildir, aňlamaza duş gelse.

Zemin seni häli-häli ýutarmy,
Akyl bolan munda bigam ýatarmy?
Hiý bir masgaralyk mundan ötermi, —
Giden gury gitse, gelen boş gelse!

On gat öýüň bolsa demir galadan,
Ajal tapar emir bolsa alladan,
Hakyky är ýüz döndermez beladan,
Hak ryzasy bilen başa daş gelse.

Aryf men diýp, lap urarlar ýalandan,
Bellisini aýdar sorsaň bilenden,
Il gözlügin ýüz ýyl tagat kylandan,
Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse.

Baýlar baglap sahawatyň gapysyn,
Köpelder tamugnyň möýün, apysyn,
Görüň bu eýýamyň pirin, sopusyn —
Dannamaýyn tykar otyr, aş gelse.

Magtymguly, söýle aklyň ýetinçä,
Tetärigiň gazan, bikar ýatynça,
Tamugdadyr, tä dünýäden ötinçä, —
Ýaman hatyn ýagşy äre duş gelse.


🤔
13
57
Dowvvran
17 Dekabr 2022
Googl çat? 😐🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.