Tehnologiýa gün saýyn ösüp barýar. Öňler diňe ýagdaýy gowy maşgalalar telewizor alyp bilerdi. Indi bolsa ähli maşgalanyň öýünde azyndan bir telewizor tapdyrýa. Ejemiň telewizor azyrak gör diýp gygyrýany intäkler hem gulagymda ýaňlanýar. Tehnologiýanyň beýle çalt ösmegi biziň beýnimizde nähili täsirler galdyrýarka? Tehnologiýa nähili çalt ösýän hem bolsa adamlar hem tizlik bilen samsyklaşyp başladymyka? Biz adamlaryň pikirlenişiniň peselmeginde telewizoryň nähili täsiri bar bolup biler?
2013-nji ýylda Ýaponiýanyň Tohoku Uniwesitediniň neuro ylymlary(neuroscientist) professory Hikary Takeuchi tarapyndan ýöredilen gözleg netijelerinde 290 çaganyň, 5-18 ýaş aralyk döwürlerinde beýnileri gözleg edildi. Bu edilen gözleg netijelerine göra telewizor köp görýän çagalaryň beýnisindäki hypothalamus, septum, sensorimotor ýeri we wizual korteksinde peselme emele gelýänini anykladylar. Bu ady agzalan ýerler esasy emosional jogaplar, joşgun, agressiýa we görüş ýaly birnäçe prosese jogap berýän beýniniň bölekleridir. Bulardan daşary hem çagalaryň gürleme ukyby hem peselýändigini anykladylar.
Başgada Amerikadaky Florida State Uniwersitetiniň kriminalogy Kevin Beaver we Nebraska Uniwesitetiniň kriminalogy Omaha tarapyndan geçirilen gözleglerinde 15000 sany 18-26 ýaş adamlary analiz edildi. Bu analiziň netijesinde ýaşlygynda kim köp telewizor görýän bolsa, olaryň jemgyýetçilik gatnaşygynyň pesdigi we ýaşlygynda iň azyndan bir gezek hem bolsa polisiýa gözegçiligine çekilendigi anyklandy.
Netije alanymyzda telewizoryň biz adamlar üstünde, diňe uly adamlar däl eýsem biziň geljegimiz bolan ýaş nesliň beýnisine erbet täsirleriň bardygy ylmy taýdan edilen gözleglerde anyklandy. Telewizor görmek adamda IQ peselmegi, başgada beýnide düzedip bolmasy agyr şikesler döretýändigi aýan. Biz öz geljegimizi goramasak hiç kim hem goramaýar. Telewizoryň çagalaryň üstünde erbet netijeler döretýändigini bilip-bilip öz çagalarymyzy çykyp bolmasy kyn bolan bir çukura itermämiz gowy däl bolsa gerek.