2001
17.12.2022 16:00
7:30-da sumkajyklar alynýar🎒,
8:00-da bolsa,ylgap gelinýär🏃.
Eliñe bir gysym ruçka alynýar🖋,
Iñ ajaýyp eziz mekdep ýyllarym🏫!

Sumkalary dolduryp kitap salynýar📚,
Kitaplar sygmasa ele alynýar📔.
Bildirmejek bolsak,beter bilinýär🤭,
Pursatlara baý mekdep ýyllarym👩‍🎓!

Pirkol tutyp jykyr-jykyr gülünýär🤣,
Mugallym gidäýse žurnal görülýär📖.
Temany bilmesek köpräk durulýar🙍‍♂️,
Iñ hezil ýyllarym mekdep ýyllarym👨‍💼!

Bahanajyk tapsak göni galardym🤗,
Sapak aýtmanjygam 5lik alardym🤫.
"Okasym gelenok"diýip nalardym😟
Ýatlamada galdy okuwçy döwrüm🤵!

Mekdebe telefon getirme diydi📵,
Sapakda zat iýip oturma diydi🍫❌.
Börügñi,ruçkañy ýitirme diydi😤,
Gülküli,gyzykly okuwçy döwrüm😊!

Jañyñ sesi gulagyña hoş ýokýardy🔔,
Direktir ýüzüñe nejis bakýardy🤬
Geýnişinden bir kemçilik tapýardy👨‍💼,
Şondada hezildi okuwçy döwrüm👨‍💻!
17
104
Myhman Myhman
17 Dekabr 2022
👍👍👍👍gowy goshgy
Myhman Myhman
17 Dekabr 2022
Okuw gunlem yadyma dushirdinizda sps kop kop. I like🥰🥰🥰
melek06
17 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.