Guşlar barada gyzykly maglumatlar
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji aprelinde guşlaryň Bütindünýä güni bellenýär. Baýramyň esasy maksady guşlaryň käbir görnüşleriniň ýok bolup gitmek meselesini çözmek we dünýäde ekologiki betbagtçylygyň ýüze çykmagynyň öňüni almakdyr. Guşlar ekosistemanyň möhüm bölegidir. Adam durmuşynda-da möhüm rol oýnaýarlar.
Guşlaryň gününi bellemek ÝUNESKO edarasyna degişlidir. Şu ýerde guşlar barada käbir gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris:
Dünýäde guşlary goramaga bagyşlanan birnäçe möhüm seneler bar, ýagny: Halkara göçüp barýan guşlar güni, Bütindünýä guşlar güni, ABŞ-da guşlar güni, Angliýada milli guşlar güni.
Guşlary öwrenýän ylma ornitologiýa diýilýär. Häzirki wagtda guşlaryň 10000-den gowrak görnüşi bellidir.
Guşlar alty yklymyň hemmesinde ýaşaýarlar we planetanyň ähli ekosistemalarynda ýaşaýarlar.
Dünýädäki iň kiçijik guş – kolibr.
Dünýädäki iň uly guş Afrika düýeguşydyr.
Guşlar müňlerçe kilometre göçüp bilýärler.
Fransis Willugbi we Jon Reý 1676-njy ýylda “Ornitologiýa” kitabynda guşlaryň ilkinji klassifikasiýasyny döretdiler.
Häzirki wagtda Karl Linnem tarapyndan 1758-nji ýylda döredilen guşlaryň taksonomik klassifikasiýasy ulanylýar.
Afrika düýeguşy dünýädäki iň uly guş hasaplanýar. Agramy 150 kg, beýikligi 2,7 metre ýetip biler.