Perishdejik
16.12.2022 17:58
Saçagyñda halal çöregiñ bolsun,
Gursagyñda mährem ýüregiñ bolsun.
Ýamanlygyñ garşysyna çykañda,
Ýagşylyk hemişe ýaragyñ bolsun.

**************

Nalamagyn alla nesip etmese,
Gynanmagyn eden işiñ bitmese.
Alla berer bu ykbalyñ ýazgydyn,
Gadyry bolar bagta,kynlyk bilen ýetilse.

**************

Begendiren wagty ajaýyp durmus,
Guş bolup asmana uçmak isledim.
Kabir adamlary tanan mahalym,
Has tanamak dal-de,gaçmak isledim.

*************

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soñ tapylar galan zady zyňyp git.

K.Gurbannepesow
20
85
Perishdejik
16 Dekabr 2022
olia,👍🏻👏🏻lalahan,👍🏻👏🏻
lalahan
16 Dekabr 2022
Gaty gowy gosgy berekella 👍
olia
16 Dekabr 2022
K.Gurbannepesow😍😍😍 Goshgulary haysy dowur bolsada manysyny yitirmez
Perishdejik
16 Dekabr 2022
melek06,👍🏻👏🏻
melek06
16 Dekabr 2022
💙👍🏻........
Perishdejik
16 Dekabr 2022
wolf,👍🏻👏🏻best_person,👍🏻👏🏻
wolf
16 Dekabr 2022
👍🔥👍🔥👍ahh ýüzüm açylyp gitdi 👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.