merdan_user
09.03.2020
Saglyk
90
21 283

100 ýaşyndaky bir adam. Corona wirusyndan gutulan iň garry adam boldy.

Korona wirusy epidemiýasynyň täze görnüşiniň ýüze çykan Hytaýyň Wuhan şäherinde ýaşaýan 100 ýaşly adam, COVID-19-ny ýeňen iň garry adam boldy. Hytaýly adamyň bejergisinde wirusa garşy dermanlaryň, plazma goýberilişleriniň we adaty hytaý lukmançylygynyň ulanylýandygy habar berildi.
100 ýaşyndaky bir adam. Corona wirusyndan gutulan iň garry adam boldy.

Sportdan syýasata, ykdysadyýetden tehnologiýa çenli köp ugurlara täsir edýän korona wirusynyň täze görnüşi bolan COVID-19, dünýäde 3800-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.

Ýylan ýa-da ýarganat ýaly ýabany haýwandan dörän diýip çak edilýän wirusyň bejergisi heniz tapylmady. Ýokançlyk taýdan özboluşly wirus bolan Cowid-19, dünýäde esasan Hytaýyň materiginde 100 müňden gowrak adama ýokaşdy.

Hytaýyň 56 million ilatly Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhan şäherinde dörän korona wirusynyň täze görnüşi 65 ýaşdan ulylara we 3 ýaşa çenli çagalara howp salýar. Muňa garamazdan, Wuhan şäherinde ýaşaýan 100 ýaşly hytaýly ölüm howply wirusy ýeňip geçmegi başardy.

Test netijeleri oňyn bolansoň, 24-nji fewralda keselhana ýerleşdirilen adam sagaldy we 15 günlük bejergiden soň boşadyldy. Corona wirusyny ýokaşdyran iň garry adam hökmünde hasaba alnan 100 ýaşly hytaýly hem alsgeýmer, gipertoniýa we ýürek kesellerinden ejir çekdi.

Muňa garamazdan, durmuşy dowam etdirmegi başaran garry hassahananyň lukmanlaryny-da geň galdyrdy. 100 ýaşly hytaýly adamyň bejergisinde wirusa garşy dermanlaryň, plazma goýbermegiň we adaty hytaý lukmançylygynyň ulanylýandygy habar berildi. Düýn Amerikan harbylary öz beýanynda korona wirusyny bejermek üçin döredilen täze sanjymyň synag edilip başlandygyny aýtdy.

Çeşme: https://www.sozcu.com.tr/2020/dunya/corona-virusunu-100-yasinda-yendi-5668090/

Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Maladys berekella
Myhman Myhman
30 Mart 2021
Tuweleme jany sag bolsun
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2020
maňaatgalmady normalny teswir yaz dusdunmi
Gulhatyja
4 Awgust 2020
Maladessssssssss?
Myhman Myhman
4 Awgust 2020
????
dowletjan_04
22 Iýun 2020
????????COVID-19??????????
Myhman Myhman
19 May 2020
gidayda sutaydan
Myhman Myhman
13 May 2020
Belki dine sxo Hytaydaky 100 yasxyndaky adam dal hemme yurtdaky adamlar covid 19 dan halas bolsun HUDAYJAN????????????
Rowayat
30 Mart 2020
100 yaşynda gurtulan bolsa onda onun ölümsüzlük resepty bardyr
Myhman Myhman
23 Mart 2020
Eýran bn italýanlar hem şeýdiýdilerde uçradylar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.