Aynashka
15.12.2022 08:20




Britan alymlary ömri uzaltmagyň syryny açdylar


Britan alymlary ýaş bilen bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almaga we ömri uzaltmaga kömek edýän üç endik barada gürrüň berdiler. Bu barada «Daily Express»-e salgylanmak bilen «lenta.ru» ýazýar.
Ilki bilen, alymlar şekeri köp iýmezligi maslahat berdiler. Onuň köp iýilmegi ýaş bilen baglanyşykly ýürek-damar keselerini we süýji keselini ýüze çykarmagy mümkin. Iýmitde şekeriň düzüminiň azaldylmagy garramagyň haýallamagyna kömek edýär, metabolizmuň bozulmagynyň öňüni alýar we umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrýar.
Doktor Dewid Sinkler (David Sinclair) günde 1000 milligram resweratrolyň atioksidantyny kabul etmegi hem maslahat berdi. Ol garramagy haýalladýan tebigy kömekçi hasap edilýär. Ondan başga-da, ol howply döreme (rak), süýji diabeti, ýürek keselleri we semreme bilen göreşmäge kömek edýär.
Mundan başga-da, alymlar D witaminini kabul etmegi maslahat berdiler. Organizmde onuň bolmagy ölüm howpuny peseldýär. Ol ömri uzaldýar we ýaş bilen baglanyşykly keselleriň howpuny peseldýär.

14
55
HALIljan
15 Dekabr 2022
D witamini Dollar
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
olia
15 Dekabr 2022
Uzak yashamak kop adamda genyna bagly. Genynda bolmandada nerwyny ayamaly, yag massany dalde myshocnyy massany kopeltmeli, in esasy hereket etmeli
okayjy
15 Dekabr 2022
Ir bilen ☕☕☕☕ Hemişeki vitamin 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.