Gylych
09.03.2020 13:41
Gulluk çakylygyny elime alamda.

Ýadyñdamy aýly gije garşymda
"DÄNMEN"diýip,gujagyma dolanyñ?!
"MEN GIDEMSOÑ GARAŞARMYÑ?!"diýemde
"HÖKMAN SAÑA GARAŞARYN"diýeniñ!

Ellerime aldym bu gün çakylyk
Çagyrdylar meni watan gullugyna
Daş töwerek bolup galdy tukatlyk
Ugrap barýan indi watan gullugna

Näme üçin şeýlebir sussum basylýar
Sensizlikden bu gün gözlem ýaşarýar
Hat-da diýmediñem bakyp ýüzüme:
"SAG AMAJA DOLANYP GEL SÖWER ÝAR"

Umytlarym puja çykan mahaly
Köýüp barýan ojakdaky kül kimin
Ine ertir çogly günüñ säheri
Öz obamdan iki ýyllyk gitmeli.

Aýralyk görkezýar kimin kimligin
Esger wepasynyñ mukaddesligin
Ir säher ugradym,gujaklap enem
Goramaga öz ýurdumyñ serhedin

Otla münüp bir ýylgyrdym çalaja
Şol ýylgyryş hiç çykanok ýadymdan
Bir tarapdan juda juda begendim
Gulluk asly synag bolýan ekeni.

Şu pursatdan başa düşse aýralyk
Bar diregim ene atam hem doganlam siz menin
Wah,enemjan ,gynanmagyn her gezek
Çaý başynda meñ ýerimiñ boşanna.

Otly ugrap daşda galdy Lebabym
Ýat ülkede dogdy meniñ bu günim
Ýadam bolsa gözel eken bu ülke
Öz ýurdumyñ Garry gala serhedi.

Esger lybasyny egnime geyip
Çekdirip dañypdym ädik-guşagym
Döşimi dikgerdip,yaragmy gysyp
Watanmyñ öñünde kasam edipdim

Şol günden başlady soldat ykbalym
Gözel ülke ruh goşýardy ruhuma
Esger geýmim ýol bermeýär hiç maña
Biwepany ýatlap gözýaş dökmäge.

Gaýduwsyzlyk maña gaşym çytdyrdy
Esger ykbal maña şuny öwretdi
Näçe kyn bolsada göreşmek gerek
Durmuşda bolmajak zat yok ,ekeni.

Dagda gezip ýekelikden taplandym
Duýgularmy biwedan sapladym
Göze görünmesede meniñ bu bolşum
Düýbünden bu dünýä täzeden geldim.

Irden подём bilen oýanar hemme
Sekuntda geýerdik soldat geýimin.
Tomusyñ yssysy,gyşyñ aýazy
Duýulanok asla soldat tenime.

Gorardyk watanmyñ daglyk serhedin
Graždan ýat boldy ençe wagt bäri
Käte hat gelerdi soldat yzyndan
Şol hata garaşyp geçýär günimiz.

Заставада bir kem elli soldatdyk
Özlermizçe Молодой,Черпах,ДМБ,Дет bolduk
Agzibirlik dogan deýin berkitdi
Iki ýyllap bile bolan soldatlyk.

Ol ýerde hiç hili graždanam ýok
Iñ bärkisi TM CELL swýazyda ýok
Bar baýlygmyz yzymyzdan gelen hat
Hemma şatlyk paýlaýjydy ýeke hat.

Ofiser her gezek paýlanda haty
Garaşýardym öz adymyñ çykaryna
Umydy öçmändi söyen ýüregmiñ
Bilmedim entagem garaşýan ýaly

Çykmadyk jandan umyt ederdim
Bir ýyl geçdi hat gelmedi yzymdan
Bir gün bolsa telwizor görýärkäm
Tötänlikde gözüm düşdi bir gyza

.......dowamy bar.Ýöne.......
7
1 153
..KÜMÜŞ..
10 Mart 2020
dowamy ??????
Bts
9 Mart 2020
Haladym goshgynyzy ???
Paradise
9 Mart 2020
Gowy gosgy yzyny hacan goyyanyz???
Jerkam.
9 Mart 2020
Gowy gosgy eken??
Myhman Jeren
9 Mart 2020
Gulhan siz bilyenizmi bu vidyodaki ol oglanyn kellesine geydiren sacy parikmi olar yaly parik berdede barmyka
Gülhan
9 Mart 2020
Salam Jeren.. Howwa oz durmusyndan alnan gosgular gowy bolyarda... Bilmedim.. Postyn eyesi hacan goysa shonda bolar..
Myhman Jeren
9 Mart 2020
Salam Gulhan bu gosgy oren govy ekeni bunun dowamy hacan bolarka
Myhman Myhman
9 Mart 2020
gosgy gaty govy lebapdan ekeniniz dowamyna menem gaty gyzyklandym ...
Sayrak guşjagaz
9 Mart 2020
Gaty haladym goshgyny.Dowamyna garashyan
Gülhan
9 Mart 2020
... Dowamyna örän gyzyklandym... Yazmasanyz bolmaz indi...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.