https://owrenmeli.app/34855-psihologiya.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
14.12.2022 23:03
PSIHOLOGIÝA
Özümizi alyp barşymyz, keýpimiziň üýtgemegi ...hakda täze bir zat öwrenmek hemişe gyzykly.
1) 16 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky gurlan dostluk, adatça iň güýçlidir.
2) Köplenç iň gowy maslahatlar, durmuşynda köp kyn pursatlary başdan geçiren adamlar tarapyndan berilýär.
3) Adamyň akyl-paýhasy näçe ýokary bolsa, şonça çalt pikirlenýär we hatyna şonça-da düşünmek kyn.
4) Biri bilen tanyşan wagtyňyz adyny ýatdan çykarmazlyk üçin , öz adyny aýdan wagty eştsiňiz hem täzeden soraň, we şol gepleşikde adyny gaýtalap duruň , ýagny ady bilen ýüzleniň.
5)Adamlarda "özlerini günäkärlemek" duýgusy ýokary bolsa, onda olar beýlekileriň emosiýalaryna(duýgularyna) has gowy düşünip bilýärler.
6) Az aragatnaşyk sakalýan adamlar özleri hakda gürlemek sungatyna eýedirler.
7) Aýallarda agyry reseptorlary erkeklerden iki esse köp, ýöne agyrylara çydamlylyk hem iki esse köpdür.
8) Köp aýdym diňleýän adamlar has şähdaçyk, bagtly we rahat bolýar.
9) Pikirler,aladalar sizi gijelerine ýatyrmasa, onda olary bir kagyza ýazyň. Şondan soň kelläňiz has rahat bolar we uklap bilersiňiz.
12) Ertiriňiz haýyrly ýaly ýakymly arzuwlar bilen gelen SMSler beýniniň bagt üçin jogapkär bölegini işjeňleşdirýär.
14) Başgalary begendirmäge çalyşýan adamlar köplenç ýalňyzdyrlar.
16) Biz näçe bagtly bolsak, şonça-da az ýatýandyrys.
17) Ýakyn adamyň elinden tutanymyzda, agyry duýmaýarys we az alada edýäris.
18) Ýokary intellektly bolan adamlaryň ortaça intellektly bolan adamdan has az dosty bar.
20) Iki dilde gürleýän adamlar bir dilden başga dile geçenlerinde şahsyýetini bilmän üýtgedip bilerler.
21) Uzak wagtlap ýeke bolmak, günde 15 gezek çilim çekmek ýaly erbet zat.
22) Syýahat akyl saglygy üçin peýdalydyr, şeýle hem ýürek agyry we depressiýa howpuny azaldar.Post gyzykly bolsa 👍🏻
63
726