BaýramBejidow
14.12.2022 09:50

Jemşit:
Sözüm goşga jemläp sorag bereýin,
Togap eden keramatyñ nämedir.
Her pursatda keşbin görmän uýaýyn,
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr.

Baýram:
Ol zeminiñ nury bolup dörändir,
Alladan soñ bar togabym enemdir,
Her pursatda keşbin görsem begendir,
Bilişimçe jogap bermek borjumdyr.

Jemşit:
Jandan jan indiren perişde ynsan,
Jennetiñ mährini beren dälmidir.
Kimdir olar soragymdanam aýan,
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr.

Baýram:
Enedir ol, jandan jan beren ynsan,
Jennetiñ jaýyna deñelen ynsan,
Mähriniñ deregni tutmaz her ynsan,
Bilişimçe jogap bermek borjumdyr.

Jemşit:
Ol nämedir ýagyş deýin dökülýär,
Ol nämedir edilensoñ ökünýäñ,
Ol nämedir bilseñ biliñ bükülýär,
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr.

Baýram:
Ol ýalan söz, ýagyş deýin dökülýän,
Bir ýalñyşlyk edilensoñ ökünýäñ,
Ol hakykat bilseñ biliñ bükülýär,
Bilişimçe jogap bermek borjumdyr.

Jemşit:
Ol nämedir tapylmayar şypasy,
Ol nämedir hiç bolmaýar wepasy,
Ol nämedir pes bolsa-da güýjüñdir,
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr.

Baýram:
Ol söýgüdir tapylmaýar şypasy,
Pany dünýäñ hiç bolmaýar wepasy,
Ol göwündir, pes bolsa-da güýjüñdir,
Bilişimçe jogap bermek borjumdyr.

Jemşit:
Ol nämedir söýgä aýralyk goşar,
Ol nämedir dag yzyna dag aşar,
Ol nämedir kalba ýetmän ulaşar,
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr.

Baýram:
Bahana kän söýgä aýralyk goşýan,
Ýasamalyk dag yzyna dag aşýan,
Mähirsizlik kalba ýetmän ulaşar,
Bilişimçe jogap bermek borjumdyr.

Jemşit:
Eýsem kimdir şahyrlaryñ atasy,
Ol nämedir bu durmuşyñ hatasy,
Ýeñilmezem ýöne gelmez utasy,
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr.

Baýram:
Pyragydyr şahyrlaryñ atasy,
Söýmegimiz bu durmuşyñ hatasy,
Ol ynsabyñ ýeñmez, gelmez utasy,
Bilişimçe jogap bermek borjumdyr.


Awtor: Jemşit Hajymämmedow, Baýram Bejidow
21
66
lalahan
14 Dekabr 2022
Gowy gosgy berekella 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.