Perishdejik
14.12.2022 09:28
Nädersiñ

Ynjytma ynsany,degme göwnüne
Birden gözden ýaşy aksa nädersiñ?
Sen aglap gördünmi ynjap ynsandan
Birden şol ýaş senden aksa nädersiñ?

Kemsitme ynsany kemim yok diýip,
Birden kemiñ yüze çyksa nädersiñ?
Kiçeltme ynsany ulalyp çensiz
Belent başyn kiçeläýse nädersiñ?

***************

Bir-biregi ynjytmalyn adamlar
Öñem derdi ýetik däli dünýäniň
Günde-günde görýäs, eşidýäs ahyr
Ömürleñ çyra deý ýanyp sönýänin...
Ýyly sözler bilen acylsyn düwün
Alowlasyn hoş söze kiçijik göwün
Bir-birekden aýra salýan sözleri
Ýedi gat zeminiñ astyna gömüñ!

***************

Başarsan ynjytma hiç bir kimsäni,
Gazap odun ýakyp,berme nogsany,
Eger sen hemise dynclyk islesen,
Ynjasañ-da ynjytmagyn ynsany!
17
43
melek06
16 Dekabr 2022
💙👍🏻.............
okayjy
14 Dekabr 2022
Kemsitme ynsany kemim ýok diýip...👈👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.