https://owrenmeli.app/34793-cagalar.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.12.2022 21:13
1)Bir gün gije oglumyz suw içmäge turanda 3 ýaşyndaka, koridorda durdy we adyny aýdyp salam berdi. Ýoldaşym bilen gapyň agzynda biri-birimize seretdik - oğlumuz bolsa merhum atasynyň adyny aýdyp tanyşdy. ©Leyla Shadiyeva
2)Oglum kiçi wagty özüniň bizi saýlandygyny aýdýardt. Bile ýatanymyzda, barmagyny arkamyň bir ýerine görkezip, "daýym" diýerdi. Gorkdum, temany üýtgetjek boldum. © Alena Godcat
3)5 ýaşa çenli gyzym köplenç şol bir jümläni aýdýardy: "Eger meni gynandyrsaňyz, men fransuz ene-atamyň ýanyna giderin". Men : "kim olar?" Elmydama jogap berýärdi: "Bular meniň öňki ene-atam". © Dana Zharaspayeva
4) Gürläp başlaly bäri we 3 ýaşa çenli gyzym her gün ýoldaşynyň Stepan we 10 çagasy boljakdygyny aýdýardy. Ýöne merhum mamamyň ýoldaşynyň ýagny babanyň ady Stepan we 10 çagasy bardy. Ne gyzymyzyň öňünde, ne-de onuň bilen, mamam bilen babaň hakda gürleşdik. © Anastasia Unique
5) 6 ýaşa çenli gyzym, köplenç biziň ýaly ene-atalar hakda öň arzuw edýändigini aýdýardy. Bir gün soradym: "Haçan arzuw edýärdiň?" - jogap berdi: "Entek dogmakam" © Natalia Kostova
6)Agtygym 4 ýaşyndaka, gije gaty ses bilen düşegiň üstünde oturdy we gaharly gürledi, gürlemesek-de, käbir sözleri fransuz diline meňzeýän birnäçe sözlemi aýtdy. Soň aýdylanlary anyklamak üçin iň soňkusyny terjime. Emma men hiç zat tapmadym. © Тяр Тяр
7)Iň uly oglum 5 ýaşyndady. Bir gezek şkafyň ýokarsyndan bir zat almak üçin oturgyja çykdym, ol maňa: “Eje, men ölenimde seniň yzyňdan uçaryn we ýokardan hemme zady seniň üçin alaryn” diýdi. Men bolsa:" Beýle diýlenok oglum". We: "Kakam bolsa, meniň bilen hemme ýerde uçýar" -diýdi. Ýoldaşym mundan alty aý öň aradan çykdy ... © Antonina Makrowa
Ýokardaky okanlaryňyzyň hemmesi ene atalaryň öz çagalary hakynda aýdan zatlary. Terjime edip toplan:❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
Siziň bular ýaly wakalara garaýşyňyz nähili?
20
432