Men-ä soñky döwür darygýan käbäm!,
Gözlerime soñsyz tümlik görünýär
Meni jandan söýen ýaly alkakmyş,
Gussalaram meñ üstime sürinýär.
Men-ä soñky döwür darygýan käbäm!,
Arzuwlaram ser berenok körpäñe,
Küpir bolsa toba Hudaý saklasyn,
Kä wagtlar umyt öçýär ertäme.
Azyp barýar duýgularym günsaýy,
Özüm bilen özim uruşýan eje!,
Hawa, hawa aýdyşyñ deý her wagt,
Kynçylyklar bilen göreşýän eje!.
Aram tapman käte aran göwnime,
Nirädir bir ýere gitsedim diýýän,
Akmak ýaly gowy günleñ hamala,
Mañyzyny taşlap pissesin iýýän.
Gussalary diläp almadym, ýöne,
Ýalanlañ içinde horugýan käbäm,
Hemmäni sygdyran bu giñ dünýede,
Men-ä soñky döwür darygýan käbäm!...
Awtory: Baýram Bejidow