ylham_gurbanaly
13.12.2022 11:04
Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana
Bagtyň asyl manysyna düşünmän
Janym sagat, demim rahat alýan-a
Men bagt diýlende şoňa düşünýän

Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp
Nebsine haý diýmän, serhetden ozup
Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän

Saklap bilsem abraýymy, şanymy
Ilim üçin gaýgyrmasam barymy
Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy
Men bagt diýlende şoňa düşünýän

Belli dälem entek näçe görjegim
Perzent görsem.
Görsem ilki ýörjenin
Nesip etse görmeklige geljegin
Men bagt diýlende şoňa düşünýän

Tiz islemen, bolubersin az-azdan
Name bolsa bolubersin saz-sazdan
Köp bagtym bar eken, barmak sanardan
Men bagt diýlende şoňa düşünýän


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
24
92
Myhman Myhman
13 Dekabr 2022
Gaty gowy.🥰
Dusia
13 Dekabr 2022
🔺Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy, Men bagt diýlende şoňa düşünýän❤️
Gülhan
13 Dekabr 2022
Gaty gowy!
gulshatayewa97
13 Dekabr 2022
Dogry aýdýaň barmak basardan kän bagtymyz🌷
Perizat💚💙
13 Dekabr 2022
Oran gowy gosgy❤
Marýam
13 Dekabr 2022
Gowy goşgy eken 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.