Men saña garaşýan, sen bolsa maña,
Gaýta-gaýta suratyña seretýän,
Biz hemişe tersleşip gezsegem,
Ol näme-kä?, mende umyt döretýän.
Ýylgyramok, sagym-solum tukatlyk,
Şatlygyma bar sebäbim sen eken,
Meniñ durmuşymda seniñ ýoklugyñ,
Harap bolan bitin ömre deñ eken.
Sebäbi ýok bahanalam irizýär,
Tapylyp dur gözlemedik duýgylam,
Meñkikäñ gadyryñ bilmänim üçin,
Indi maña jeza berýär gaýgylam.
Ýene duşurarmy durmuşyñ ýoly,
Gussaly gözlerim batypdyr gama,
Seret ahyr kineliler ýaraşýar,
Sen maña garaşýañ, men bolsa saña...
Awtory: Baýram Bejidow