anna_77
12.12.2022 23:56
Gözleriň arkaňa garamaz asla,
Diýer,"Arkaýyn bol dünýade barkam"
Bir gezegem aglan dälsiň kemsinip,
Dag kimin töründe otyrka kakaň.
============================
Bar guwanjy perzendidir,kakalaň,
Göwnüň ýykman alar, zadyň zarykaň,
Durmuşyň lezzetdir,aňsatdyr işiň,
Dag kimin töründe otyrka kakaň.
===========================
Oglum diýip seslenmesem bagtdyr,
Köpçülikde bile üýşüşip durkaň.
Gursagyň rahatdyr,hasratyň ýokdyr,
Dag kimin töründe otyrka kakaň.
=============================
Her sözi tapylmaz baýlykdyr bize,
Düşünmeýänlerem düşüner kem-kem.
In bagtly adamlaryň birisiň,
Dag kimin töründe otyrka kakaň.


Kuwwat Ýazmuhammedow
19
94
Myhman Myhman
19 Dekabr 2022
Elmydama yanimizda bolsady kakalarymyz🥺
anna_77
13 Dekabr 2022
mgm, sagbol kop kop. Sizede nesip etsin uly uly derejeler
Myrataly
13 Dekabr 2022
Ylŷas Korpaŷew "Kakamjan" aŷdyma ŷadyma dushdi
mgm
13 Dekabr 2022
Derejan bn gutlayan
Marýam
13 Dekabr 2022
👍.......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.