2001
12.12.2022 21:20
Ýaşasañ dünýäni dolduryp ýaşa,
Gamlary kalbyñdan unudyp ýaşa.
Dostlaryñ guwansyn,duşmanyñ ýansyn,
Dünýäde bardygyñy bildirip ýaşa!

Diýdiler'adamy durmuş agladar!'
Gaýgy,gam,dert,durmuş agladar.
Gaýgy,gam,derdi etmäñ bahana,
Aslynda adamy adam agladar!

Ýalan ykbal salsa başyña bir dert,
Gutulma yok,ýürek ýanar her yerde
Ýanan ykbal belläp geçsin şu ýerde,
Adamy harlanan ýürek agladar!

Diýdiler:'ynsanmy her aglap,gülen?!'
Diýdim:'ynsanlyga gulak salan bar!'
'Millet gülsin' dp aglanlar bn
Özgäni agladyp,özi gülen bar!

Kä ýigitler gadryn bilmez ýarlaryñ,
Eýe çykyp goramazlar arlaryn.
Ýene bir zat niçe merdem ärleriñ,
Gujagynda gül şekilli ýylan bar.

Ne günlere şaýat boldy gözlerim,
Diñlemezler danalaryñ sözlerin.
Öwretseler diñlejekdim özlerin
Emma olan her sozunde yalan bar.

Gözun ýumyp,dilin tutdy alymlar,
Hakykaty ýazmaz boldy galamlar.
Altyn gaşly don geyyärkä zalymlar,
Ýetim galyp,buzda doñup ölen bar.

Çagajyklañ ellerinde ýaragy
Hany,nirde ynsanlygyñ geregi?!
Para-para eneleriñ ýüregi,
'Ynsap,ynsap'diýip bagryn dilenlerem bar!


13
51
yurekdes
12 Dekabr 2022
👍👍👍👏👏👏
Ýalta
12 Dekabr 2022
Ykbal👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.