❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12.12.2022 16:38
Illuziya(Иллюзия).
Bu postda siziň gözleriňizi we beýniňizi aldap biljek herhili illuziya suratlary topladym.
Beýnimiz bütin durmuşymyza gözegçilik edýär we her sekuntda köp mukdarda maglumatlary işleýär. Ol beýleki köp zatlar bilen birmeňzeş hileleri ýerine ýetirýär we munuň hakykat däldigini, optiki illuziýa bolandygyny hemişe duýmaýarys.


1) Çyzyklaryň haýsysy has ýapyk reňk
Illuziya
Çal çyzyklary deňeşdirseňiz, olaryň aslynda şol bir reňkdigine düşünersiňiz. Şeýle-de bolsa, dürli fonlary sebäpli başgaça görünýär.


2)Awtokinetki illuziya

Surata ýakyndan göz aýlasaň, ýüregiň nädip “urýandygyny” görersiň. Bu illýuziýa inçejik ak çyzyklardan we olaryň ýiti ugurlaryndan emele gelen.


3)Gradientiň Ýagtylygy

Telefodan sähelçe daşlaşyň we ýüzüňizi ýuwaş-ýuwaşdan ekrana ýakynlaşdyryň. Aralygyň azalmagy bilen suratyň has köp artykmaç ýagtydygyna göz ýetirersiňiz.


4) Düzelýän Setka(Tor)

Toruň(Setkaň) gyralarynda döwülendigini görýärsiňiz. Ýöne suratyň merkezine takmynan 20 sekunt göz aýlasaňyz, periferiýa görüşi(периферическое зрение) suraty "dikelder"(düzeder). Beýnimiz tutuş suraty has köp görmegi halaýanlygy sebäpli bolup geçýär we ony dikeltmäge -düzetmäge- çalyşýar.



5)Rojer Şepard Illuziyasy

Suratda gaçyp barýan jandarr kowalaýandan has kiçi bolup görünýär. Ýöne ululyklary has ünsli deňeşdirseňiz, haýwanlaryň birmeňzeşdigine düşünersiňiz. Şübhe? Barlap görüň!



6)Ponzo Illuziyasy. Reňkli çyzyklaryň haýsy uzyn?

Aslynda, gyzyl bölek has uzyn görünse-de, bu segmentler deňdir.



Haýsysy has üýtgeşikdi? Dowamy bolsunmy?
POST göwniňize ýaran bolsa 👍
23
339
Myhman Myhman
13 Dekabr 2022
Göwnüm ýetdi
wolf
12 Dekabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet bolupdyr 😮👏👍🔥👍
Myhman Myhman
12 Dekabr 2022
Behh😅😂
HALIljan
12 Dekabr 2022
Dowamy bolsun.3 uytgesik
Ineedyoutostay
12 Dekabr 2022
Gozum aldanok insallah
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Dekabr 2022
jemal_seyitniyazowa,🥲
jemal_seyitniyazowa
12 Dekabr 2022
MaşaAllah sana 🌹💕
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Dekabr 2022
best_person,A bilen B şol bir reňk...
mgm
12 Dekabr 2022
5 nji tasin 👍🏻👍🏻👍🏻
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Dekabr 2022
📌 Illuziya 1.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.