Ýazyjysy: Jemal Seýitniýazowa.
"Sen syrly." emma "Hakykatsyň!".
Elbetde sen! "Syrly bolmaga" mejbur "Hakykat bolmak" üçin borçlusyň.
Umytlarymy bölekläp, arzuwlarymyň ganatlaryny döwüp biljek derejede güýçlisiň!
Dünýädäki adalatsyzlygy ýok edip biljek terezi sen, wi, ýogsa-da sen bolmadyk bolsaň ýazylmazdy bu setirler. Seni döredeni unudup, seni öwmek däl niýetim. Dur! ..gaýgy etme niýetim seni döwmegem däldir ýöne!
Seni pikir etsem arzuw etmekden gorkýaryn, sebäbi sen geleniňden soňra arzuwlarymyň gymmaty galmaýar ahyry.
Aslynda "men" arzuw edip, seni köp unutdum we bu gün seni ýatlamagymyň netijesinde bu setirler döredi. Sen hakynda şu jümleleri eşdipdim "Direlmek hak, ölüm hak." Häzirlikçe sen barada bu setirleri ýazyp bildim. Belki ýene-de sen barada ýazyp bilerim ýaly mümkinçiligim bolar.
Görüşýänçäk!.. Biz üçin hak bolan "Ölüm!"...♡
#nusga
10.12.2022...21:36...♡