Gaýga batan çagym aýdymlaň bilen,
Geldiňde şat etdiň köňül köşgümi
Hiç söz bilen beýan edip bilmedim,
Ýürekdäki saňa bolan yşgymy.
Söýgi hakda iller köp zat diýdiler,
Ýöne meniň üçin ol syrly dünýä.
Diňe seniň bilen syrly dünýäniň,
Baglarynda seýil edesim gelýär.
Mydam gözlerimde seniň keşbiň bar,
Gulagymda mährem sesiň ýaňlanýar.
Nädeýin men, ýürek şeýle söýüpdir,
Güler ýüzüň özgelerden saýlanýar.
" Men bagtly " diýip, pyşyrdadym güllere,
Öňküden has gözelleşdi ol güller.
Gygyrasym gelýär çykyp daglara,
Saýrap durka söýgi hakda bu diller.
Gije- gündiz hyýalymda, oýumda,
Ýatsam, tursam aşyklara bagt diläp.
Ertekiler ýaly ajap dünýämde,
Bagtly bolmagyma sen bolduň sebäp.