Durmuş nirden başlanýar bilýäñmi?
Haçanda, özüñe özüñden başga hiç kimiñ kömek etmejekdigini bilen ýeriñden başlanýar!
Atdan ýykylmadyk seýis ýok munda,
Çyn awçydan gaçan keýik ýok munda,
Sen ýaşaber gardaş balagyña sygman,
Kepene sygmadyk beýik munda.
Adamyñ daşky görnüşi üçin dälde, siziñ üçin edýän ýagşylyklarynyñ gadryny biliñ! Hiç bir adamyñ daşky görnüşine seredip netije çykarmañ!
Ýekeje damja ýalan, okean ýaly ynamy zaýalaýandyr. Ynamy gazanmak şeýle bir kyn, ýöne ynamdan gaçmak şeýle bir añsat.
Adamy tanaman goluñ uzatma,
Belki seni utar bir gün duzakda.
Niýetin bilmän kalbyñ tanatma,
Her kim özüñ ýaly däldir unutma!