Aldamak
Bizi aldaýan bizden däldir.
(Hadys)
* * *
Bilmän özgäni aldamak nähili kyn bolsa, bilip özüňi aldamak hem şonuň ýaly aňsatdyr.
(Fransua de Laroşfuko)
* * *
Biri sizi bir gezek aldasa, güna ondadyr. Ýöne ikinji gezek aldansaňyz, eýýäm günä sizdedir.
(Sara Bernar)
* * *
Adamlar sen barada nähili pikir edeninde näme? Sen barybir öz-özüňi aldap bilmersiň.
(Lew Tolstoý)
* * *
Iň aňsat zat adamyň öz-özüni aldamagydyr. Sebäbi adam adatça özüniň ynanýan zadyna çyndyr öýdýär.
(Demosfen)