REHIM ETMEÝÄNE REHIM EDILMEZ
Özi garry hem yzgytsyz aýaldy. Goňşulary onuň şerinden gorkardylar, köçede görseler derrew ugurlaryny üýtgederdiler. Birisi kömege mätäç bolsa, adamlaryň kellesine iň soňky geljek adamdy. Kalby edil daşdan ýasalan ýalydy. Hemişe başyndan inen zatlardan zeýrenerdi, biriniň özüne eden etmişini üstüne müňüsini mündürip aýdardy, özi bolsa ile has ulurak ýamanlyk etmekden gaýtmazdy. Agzyndan “Allaha şükür!” diýen sözüň çykanyny eşiden bolmandy heniz. Rehimsiz biridi.
Bu aýalyň garyndaşlary gyt däldi, emma yzgytsyzlygy hem geçirimsizligi sebäpli hemmesini özünden öýkeledipdi. Goňşulary hem ýok däldi, emma bagyşlamany bilmeýändigi üçin bolgusyz bahanalar bilen olaryň ählijesini özünden daşlaşdyrypdy. Öýünde ýekeje özi ýaşaýardy.
Şol sebäpden ýalňyzlygyna çäre hökmünde öýünde bir pişik saklaýardy. Saklasa saklaýardam welin, köplenç, ol janaweriň naharyny bermegi ýatdan çykarýardy, ahmal edýärdi ýa-da ýaltalygy sebäpli kän üns bermeýärdi.
Iş-güýç diýip daşaryk çykan mahaly ony öýde aç-suwsuz goýup gidýärdi, görgülijik eýesi dolanyp gelen mahaly açlygyny bildirmek üçin onuň aýagyna süýkenip, mýawlanda bir depik bilen ony özünden uzaklaşdyrýardy. Agzyndanam hemişe şol bir gaýtalaýan sözi çykýardy:
“Gadyrbilmez nanýagysy! Dagy näm bolsun! Eklärsiň, saklarsyň, ýatar ýaly ýyly ýer berersiň; aljagyny alansoň, gaňrylyp ýüzüňe-de seretmez!”.
Hakykatda weli beýle däldi. Özi rehim-şepagat diýen duýgudan bihabar bolansoň, pişigiň öz şükürini nygmatyň hakyky Eýesine sunýandygyndan habary ýokdy. Pişikleriň “myrr-myrr” edip, nygmaty özlerine getirip beren araçylara däl-de, ol nygmatlaryň hak Eýesine şükür we hamd edýändini bilmeýärdi. Gadyrbilmez nanýagysy pişik däldi, özidi. Emma ol aýal muňa düşünmeýärdi.
Bir gün ol doňýürek aýal säher bilen öýünden çykdy. Uzakda ýaşaýan garyndaşynyňka baryp gaýtmaga hyýallanypdy. Emma hal-ahwal soraşmaga däl-de, öňden galan algysyny almaga barýardy. Öz ýanyndan bu garyndaşyna gaharlanyp hüňürdeýärdi: “Nebsimi agyrdyp, oňa näme üçin karz berdimkäm! Ynha-da netijesi: gadyrbilmezlik!”.
Kellesinde algysyndan başga zat bolmansoň, gapyny çekip gidende içerde galan pişik ýadyna-da düşmedi. Aslynda, ýolda ýadyna düşse-de yzyna gaýtjaklardan däldi. O pişik açlykdan ölse, ýerine ýene birini tapyp bilerdi.
Ol aýal telim günläp öýüne gelmedi.
Iýer ýaly zatlaryň ählisini gaplara salyp goýany üçin neresse pişijik öýde iýer ýaly zat tapmady. Penjiredir gapylaryň hemmesi berk petiklenen bolansoň, janawer daş çykyp, özüne iýer ýaly zat gözläbem bilmedi.
Ahyrynda-da açlykdan öldi.
Bu wakany bolşy ýaly synlap oturan perişdeler bir-birlerine şol bir zady pyşyrdadylar: “Bu rehimsiz aýalyň müdimilik galjak ýeri dowzahdyr!”