ylham_gurbanaly
09.12.2022 00:27
Meňzäp barýar soňky döwür goşgular,
Otluda satylýan hilsiz haryda.
“Kapyýa bar”, “gussa bar”, bar-bar bagyrsam,
Belki çykar iki-ýeke hyrydar.

Aşa köp goşgudan aşa düşemsoň,
Az ýazmagy edinsedim ýörelge-
Ýatlamalar hesretimi dürtgüçläp,
Zol ýapsa-da gyzyp duran ýüregme.

Guzyjygyň diri soýulşy deýin,
Jan alýan bolsa-da söýgüň gussasy.
Bildirmejek borun lowlap ýansamam,
Bolmaýşy deý ojar oduň tüssesi.

Gaýta täsin-ähli dertleň tersine,
Söýgümi bukdukça hasam ýeňleýän.
…Söýgäm bildiriş däl ýyrtylyp gidýän,
Şäherlerde her duralga ýelmenýän.


Musa Ýusup.
24
115
Myhman Myhman
10 Dekabr 2022
Dnsjjc
ylham_gurbanaly
10 Dekabr 2022
kyyas2017, Salawmaleýkim. Aý, dogrysy menem tanamok. Ýöne goşgularny gowy gördüm...
kyyas2017
10 Dekabr 2022
Musa Ýusup Ylham tanaýañmy, nireli şahyr goşgularyny okadym, sada sözler bn çeper ýazypdyr, gaty gowy gördüm
Marýam
9 Dekabr 2022
👍.......
Olka
9 Dekabr 2022
Häzir adamlar yeriñ teyinde yylan gymyldasada bilyä
okayjy
9 Dekabr 2022
Bildirmejek borun lowlap ýansamam....😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.