Söýgi hakda oýlanma
Geliň ýer ýüzünde ynsan döräli bäri onuň ýüregini lerzana salyp, gününe goýmaýan söýgi duýgusy barada açyk söhbet edeliň.
Söýgi-bu diňe özüň baradaky pikirleriň bolman, eýsem söýýäniň hakyndaky hiç haçan seni taşlap gitmejek duýgudyr. Söýgi bu kimdir birini bagtly etmekdir.
Mähir, guwanç, bagt, gözellik, agyry, ýekelik duýgusy, ynam, ruh we ten gözelligi ýaly ynsany hyýalyndaky täsin bir dünýä syýahata alyp gidýän syrly sözleri eşideniňde iniň tikenekleýär, biygtyýar gözüňi bir nokada dikip ýylgyranyňy duýman galýaň.
Söýgi-bu adamy mejbury ýagdaýda ýaşadýan, öz söýgülisi üçin janyny bagyş etmäge taýyn edýän, içki duýgyňy özgerdýän ýeke sözde beýan edip bolmajak, ähli duýgulardan belent, ähli duýgudan gözel, täsin güýje eýe bolan duýgudyr. Bu duýgy dikňe bir güýçli bolmak bilen çäklenmän, onuň häsiýetinde maksada okgunlylyk, öz diýenlilik, päk göwünlilik, adamlaryň göwnünden turmak we olaryň isleg-arzuwlaryny amala aşyrmak ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenendir.adama ömrüň ýeke gezek berlişi ýaly, hakyky söýgi hem wepalylyk, mähir-muhabbet we mylaýymlyk ýaly ajaýyplyklara ýugrulyp bir gezek we hemişelik berilýär. Şonuň üçin ynsan öz söýgüsiniň ugrunda ähli zada taýyn bolýar, hatda ol özüniň “ölüm” diýen beladan ejiz geljegini bilse-de ondan heder etmeýär. Gaýtam, ol özüniň ruh terbiýeçisi bolan söýgüniň güýçli bilen durmuşdaky ähli kynçylyklara ýönekeýje bir oýun hökmünde seredip, ýeňiljek başdan geçirýär.
Ruh dostluga, akyl hormat-sylaga, ten bolsa söýgülik duýgusyna we dürli isleglere ymtylýar. Bularyň ählisi bilelikde arassa we hakyky söýgini emele getirýär. Ol söýgi örän çydamly, hiç wagt gabanmaýar, öwünmeýär, gaty görmeýär, çekinmeýär, muňa derek ol günäleri geçýär, dogruçyllygy ündeýär, hemişe bagyşlamagy, ynama girmegi hem-de garaşmagy başarýar.
“Men seni söýýän” – bu jümle biziň ählimize tanyş bolsa gerek, biz muny köplenç eşidýäris, özümiz aýdýarys. Ýöne şonda-da biz munuň näme many berýändigini bilmeýäris, asla şu wagta çenli gyzyklanmagam islemedik.
Hakyky söýgi seýrek duş gelýär. Käbir adamlar söýgini başga bir duýgy bilen çalşyrýarlar, aslynda ol beýle däl. Ol adamyny ganatlandyrýar, durmuşa ornaşmaga, onuň içinden eriş-argaç bolup geçmäge mejbur edýär. Beýleki duýgulardan tapawutlylykda söýgi hiç wagt bedeni terk etmeýär, ol ýürekde juwan ýaşaýar we ähli derdiň dermany bolup ýüreklere öz nuruny çaýýar.
Tebigatyň adama eçilen iň näzik duýgusy bolan söýgä hiç wagt anyk kesgitleme berip bolmaýar. Sebäbi bu duýgynyň anyk çägi ýok, ol tükeniksizdir. Şonuň üçin siz öz söýgiňizi gorap saklaň, birek-birege ynanyň, dürli sowgatlar bilen öz söýgüliňizi begendiriň (uly zat däl meselem ýekeje güljagaz), gabanmaň we ol hakynda erbet pikir etmäň! Allatagalanyň size şeýle peşgeşi berenligine begeniň, elmydama birek-birekde gowy ýatlamalary goýjak bolup dyrjaşyň! Bu durmuşda iň bagtly pursatlaryň öz söýýänleriň arasynda geçiren günleriňdigini ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin öz söýýänleriňizi we söýgüňizi gorap saklaň! Esasy zat ýitirmejek boluň!