ylham_gurbanaly
08.12.2022 11:22
Şükür ykbala, hemme zat ýeterli,
Ýöne ýalňyzlykdan beter ýadadym
Telim gezek berdim şeýle soragy
Garamy maňlaýym?
Ýa-da sadadym?

Bahar gelse gar ereýär, ýylaýar
A biz bolsa tebigatyň tersine
Gyşda gyrawlan söýgüni eretmän,
Ýazda atdyk Gimalaýyň gerşine

Irizýär ynsany ýylgyrmaklygam,
Ýasa bogulýarka içde pikirler
Ýöne, nätjek durmuş dowam edýärkä,
Medetkär Allahym,
Saňa şükürler!

Özüm bilen gürleşibem imrikdim,
Ejizligem üstün çykýar güýç ýerne
Sesiň eşitmeg-ä beýle-de dursyn,
Arasynda gelip gidäý düýşlerme...



Ylham GURBANALYÝEW (2021)

28
137
💎💎Tylla💎💎
8 Dekabr 2022
💔😔💔😔💔😔likeeee👍🏽👍🏼👍👍🏻👍🏾👍🏿
Gülhan
8 Dekabr 2022
Soňky setirler goni yurege urya 💔🔥
gulshatayewa97
8 Dekabr 2022
Gynançly 😐
lalahan
8 Dekabr 2022
Onat gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.