orhideya_
07.12.2022 13:42
Durmuşa gelen ýerimiz bilen durmuşda gelmek isleýän ýerimiziň arasynda geçýär ömrümiz.
Kynçylyklardan geçmeli dünýäde ýaşaýarys. Isleglerimiz mümkinçiliklerimiz bilen bagly däl. Saýlan her bir zadymyz üçin başga bir zatdan el çekmeli bolýas. Söýýän zadymyzy saýlasak bagtly, saýlan zadymyzy söýdükçede rahat bolýarys.
Iň köp isleýän zadymyz islemeýän zadymyz bilen iç içinden geçen ýagdaýda garşymyza çykýar. Isleýän birnäçe zadymyza ýetmek üçin birnäçe halamaýan zadymyzy etmäge mejbur bolýas.
Durmuşumyzy şekillendirýän käbir zatlar elimizde, käbirleri däl. Durmuş oýunlarynyň käbirleri belli, käbiri belli däl. Käbirimiz şertlere şekil berýäs, käbirimize şertler şekil berýär. Käbirimiz dünýä rekordyny täzelemek üçin hereket edýäs, käbirimiz "dünýä bezeg berýän heýkeljik" niýetinde ýaşaýarys.
Işimiz we içimiziň arasynda günümizi geçirýäs. Topragyň üstünde tapawutly synplarda ýaşap, topragyň aşagynda deňleşýäris.
"Ellerimiz mäkäm gysylgy ýagdaýda dünýä inip, ellerimiz açyk görnüşinde ölýäris!"
21
109
Myrataly
7 Dekabr 2022
Crazy,Gowy post diyip pikir edendirin🤔
lalahan
7 Dekabr 2022
Berekella üstünlik gaty gowy
Myrataly
7 Dekabr 2022
Okamadym
Lalın
7 Dekabr 2022
Manyly post 😔👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.