Bir gün oýanarsyň säher şapagy,
Açarsyň gözlerňi pessaýlyk bile.
Ýorganyňda ak gündiziň ýagtysy,
Gapdalyňda ýagty berýän penjire.
Owadansyň ak düşegiň üstünde,
Meýmireder seni säheriň ysy.
Gapdalyňda ýagty berýän penjire,
Aýdym aýdar çagalaryň gülküsi.
Şonda şu kalbyňda duýarsyň bada,
Şat owazlar seniň üçin bagtdyr.
Görersiň. Zemine gijeden galan -
Asmandan şeýle bir garlar ýagypdyr.
Bu - zeminiň görülmedik ahwaly.
Seniň bagtyň kimin gelen şol garlar,
Meniň şu dünýede arzuwym bolup,
Hem-de söýgim bolup ýanyňa barar...
Poet.