Dowvvran
05.12.2022 19:32
Arzymy eşitgil, eý, söwer ýarym:
Günbe-günden derdim beter, Hatyja!
Yşkyňda galmady namysym, arym,
Munça jebr eýlediň, ýeter, Hatyja!

Men seniň yşkyňdan gelip men dada,
Gel, jebr etme indi mundan zyýada,
Gözleriň ogşaýdyr mysal jellada,
Müjgän tygyň jandan öter, Hatyja!

Takat ýok, görmesem gara gözüňi,
Dünýä hyrajyna bermen özüňi,
Perde tartyp dolamagyn ýüzüňi,
Gel, indi nykabyň göter, Hatyja!

Arzy-halym aýtdym, dessan baglaýyp,
Şat bolmadym, senden köňül çaglaýyp,
Gije-gündiz pyrakyňda aglaýyp,
Bir gün ahym seni tutar, Hatyja!

Günbe-günden artdy ahy-efganym,
Eşitgil arzymy, näzli soltanym,
Simap dek bikarar tende bu janym,
Gaýgyly hesretden gutar, Hatyja!

Bu dünýä gelenler gonup-geçendir.
Niçe aşyk arzuw bile geçendir,
Ölüm şerbetinden barça içendir,
Haçan waslyň bize ýeter, Hatyja!

Seýdi diýer, bal-şekerdir dilleriň,
Guçmana ýaraşar näzik billeriň,
Wagty ýetse, solar täze gülleriň,
Biraz soňra wagty öter, Hatyja!
9
61
olia
5 Dekabr 2022
Mena ynanamok shu goshgyny Seydi yazanyna. Magtymguly Menli hakynda yazypdyr diyip yada. Sebabi olar 18-19njy asyrlarda yashan adamlar özgäñ gyzyna seretmegem guna bolan o dowurler onson nadip arkayyn olan adyny tutup goshgy yazyp bilyamishler??
butterfly
5 Dekabr 2022
👍👍👍👍👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.