ylham_1989
05.12.2022 16:14

LAO SZY,
Hytaý akyldary /XV- XVI asyrlar/.





Agyr günä üçin adamyň ömründen on iki ýyl, bir ýazyk üçin bolsa ýüz gün kemeldilýär.

Maşgalanyň aýbyny ile ýaýma.
Özüňem düzüw bol, özgelere-de şony öwret.


Garrylara hormat goý, çagalara howandar bol.


Mör-möjeklere-de, haýwanlara-da, ot-çöplerdir agaçlara-da dözümli darama.


Mätäçden kömegiňi gaýgyrma, öz artykmaçlygyňy mazamlama.


Köp zatdan özüňi saklap, az bilen oňňut et.


Ýagşylyk et, ýöne muzduna garaşma.


Halypalaryň hatyrasyny sakla.


Aldamak aňsat diýip, adamlaryň nadanlygyndan peýdalanma.


Hiç wagt hak bilen nähaky garma.


Dostlaryňy aýyl-saýyl etmäni başar.


Edilen ýagşylygy unutma.


Gowulara sütem etme, danalaryň gadyryny bil.


Dogryny–egrini, egrinem–dogry etjek bolma.


Ýalňyşlygy jenaýata deň görme.


Sungata hem söwda päsgel berme.


Özgäň hyzmatyny bolşundan pes görkezjek bolma.


Öz bähbidiň üçin özgä howp abandyrma.


Özgäň ýetmezçiligine piçjiň atma.


Jezadan sowulanam bolsaň, jenaýatyň üçin ökün.


Betbagtlygyňa ili şärik etjek bolma.


Öz bergidaryň ölümini dileme.


Özgäň şikesine gülme.


Zehinli, mynasyp adamyň ýoluna böwet bolma.


Täze zat edindim diýip, könäňi zyňma.


Ýüregiňde ýok sözi diliňe alma.


Özgäni masgaralap, özüňi gowy görkezjek bolma.


Erkegiň bezegi göwnaçyklyk hem gönümellikdir, aýalyň bezegi mylakatlylyk hem tabynlykdyr.


…Ýigrenýän adamyň – gowy gylyklaryna, halaýan adamyňam ýetmezçiliklerine göz ýumulýar.


Guýunyň hem saçagyň üstünden bökme…


Ojagyň başynda aýdymam aýtma, aglama-da.


Hapa odun bilen nahar bişirme.
26
105
Myhman Myhman
9 Dekabr 2022
Sps👍👍👍👍👍
ylham_1989
5 Dekabr 2022
lilli__,👍Gu₩anc💡,👍
lilli__
5 Dekabr 2022
👏👏👏 dogry aýdylan sözler 👍👍
Gu₩anc💡
5 Dekabr 2022
Dogry👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.