AÇLYK
“Açlyk we suwsuzlyk arkaly nebsiňiz bilen göreşiň. Çünki munuň üçin ýazyljak sogap, Alla ýolunda söweş edeniň sogabyna barabar boljakdyr. Onsoňam, Allanyň ýanynda açlyk bilen suwsuzlykdan ýagşy amal ýokdur”.
Hadysy-şerifiň mealy (manysy)
“Baş öwredilmedik haýwany aç goýmak arkaly öz erkiňe tabyn edip bolşy ýaly, nebsiň jylawyny eliňe almak üçinem ony aç goýmak gerek”.
Ymam Gazzaly
“Kalbyňyzy az gülüp, az iýmek arkaly oýaryň. Ony açlyk bilen arassalaň, şonda ol ýumşar we nurlanar”.
Hadysy-şerifiň mealy (manysy)
“Agşamyna bir lukmany az iýmek meniň üçin gije edilen bir ybadatdan has haýyrlydyr. Açlyk Allanyň hazynalaryndandyr. Alla öz saýlan we halan gullaryna açlygy nesip eder”.
Ebu Süleýman Darany
“Şeýtan adam oglunyň içine ganyň damara girişe deý girer. Onuň giriş ýollaryny açlyk we suwsuzlyk bilen daraldyň”.
Hadysy-şerifiň mealy (manysy)
“Çybyn aç durdugyça ýaşar. Doýan pillesi çişer we semrär. Semrese-de öler. Hawa, adam ogly hem şeýle, çişip semrän mahaly onuň kalby öler”.
Rabi Bin Enes (r.a)
“Adam oglunyň dolduran gaplarynyň içinde iň erbedi mädesidir (aşgazany). Nahar iýmek zerur bolan çagy aşgazany üçe bolmeli. Bir bölegini nahar, beýleki bölegini bolsa suw bilen doldurmaly; üçünji bölegini bolsa hemişe boş goýmalydyr”.
Hadysy-şerifiň mealy (manysy)
“Horanlykdan/iýermenlikden gaça duruň. Köp iýmek, aýatda dirikäň ýükdür, öleňden soň bolsa porsy ysdyr”.
Hezreti Omar (r.a)
“Haçan garnymy gerk-gäbe doýuran bolsam, başym çaşyp, içimde azgynlyga meýil oýandy”.
Zinnuny-Mysry
“Garnyny gerk-gäbe doýuran adamyň başyna alty apat geler. Bular: Ýaradana mynajat etmegiň lezzeti gider, hikmetli sözleri ýat tutmak kynlaşar, rehimdarlyk duýgusy azalar (çünki dokuň açdan habary bolmaz), ybadatlary kemeler, jynsy arzuwlar güýçlener we mädesi boş musulmanlar metjidiň howlusynda gezim edýän ýaly bolsalar, bular özlerini mal öldürilip, içgoşy dökülýän ýerlerde gezim edýän ýaly duýarlar”.
Ebu Süleýman Darany