ERBET ALYMLAR
Beýik Alla Dawuda (a.s) şeýle wahyý iberdi:
– Ýa, Dawut, alymlar ýagşylyga çagyryp, ýamanlykdan alyp galmak işini terk eden pillesi, ähli abraýlary gaçar, pis hem myrtar adama öwrüler.
(Zeburdan)
***
“O tarapda iň kän ökünjek adam, aýdýan zatlaryna başgasy gulak asyp gutulan, emma olary özi etmändigi üçin heläk bolan alymdyr”.
Hatemül-Esam (r.a)
***
“Eý, naharyň duzy hökmünde bolan bir iliň alymlary,
Ähli zady bozman saklaýan duzuň özi bozulsa, ony näme bilen düzedip bolar?”.
(Şygyrdan)
***
“Öz isleg-arzuwlaryny meniň söýgime çalşan alyma berjek jezamyň iň ýeňili maňa ýalbarmagyň lezzetini oňa haram etmek bolar.
Eý, Dawut, dünýä söýgisinden başy aýlanan alymyň ýagdaýyny menden sorama. Olar ýalylar adamlaryň meni söýmegine päsgel bolýarlar. Maňa tarap gelýän ýolda gullarymyň öňüni kesýärler”.
(Gazzaly, “Ihýa”)
***
“Alymlaryň jezasy olaryň kalblarynyň ölmegidir. Kalblarynyň ölmegi bolsa, ahyretlik amal bilen dünýälik zatlar islemekleridir”.
Hasan (r.a)
***
“Nije alymlar bardyr, olaryň hakyky ylymdan, hakyky magnydan habarlary ýokdur. Olar diňe maglumat göterijidir, ylym söýüji däl”.
Möwlana
***
“Ýarym okumyşlar nadandan howpludyr”.
I. Glein
***
ALLANY GÖZLEMEK
“Söýmegi başarýan adama juda ýakyn bolan Alla, akyly bilen düşünjek bolýana şonça uzakdyr, gizlindir”.
Aleksis Garrel
***
“Ýönekeý adamlar Allany Günüň ýylysyny duýuşlary, gülüň ysyny alyşlary ýaly tebigy ýagdaýda duýarlar”.
Aleksis Garrel
***
“Ynsan Ýaradana suw we howa deý mätäç”.
Aleksis Garrel
***
“Alladan daşlaşan, Allany gözlemeýän adam hakykaty we bagty ne öz içinde, ne daşky dünýäde tapyp biler”.
Paskal
***
“Iki zadyň gadyryny olary ýitirmezden bilmek kyndyr: saglygyň we ýaşlygyň”.
Hezreti aly (r.a)
***
“Adamlar ekiniň başlaryna meňzeşdir, içleri boşka başlary dikdir, içleri dolup ugradygy, başlary egilmäge başlar”.
Monten
***
“Adamlaryň mertebesini beýgeldýän iki häsiýet bardyr: erkeklerde mertlik, aýallarda namysyny saklamak.
Napolion
***
“Adamlar öz ýalňyşyna bagtlykalar däl-de, bagtsyzkalar düşünýärler”.
Daniel Defo
***
“Adamlaryň bagtly ýa-da bagtsyz bolmagynda, takdyryň paýy-da kändir welin, olaryň özüni alyp baryşlarynyň paýy-da az däl”.
La Roçefoukault