lord
03.12.2022 16:40
Elleşmegiň bellibir kadalary bar:
* ýaşy has uly adamlar ilki elini uzadýarlar.

* erkek adam elini uzatmazdan (eger ellikli bolsa), elligini aýyrmalydyr. Ýöne häzirki zaman etiketiniň soňky meýilleri erkek
adamyň ellikli wagty elleşmegine hem ýol berýär. Aýallar babatynda aýdylanda, olaryň elligini aýyrmagy asla zerur däldir. Eger aýal maşgala elleşmezden öň elligini aýyrmakçy bolsa, onda bu onuň öz
gürrüňdeşine aýratyn hormat goýýandygyny aňladýar. Özüňden ýaşy has uly adamlar bilen elleşilende, jynsyna garamazdan, ähli adamlar elliklerini aýyrmalydyrlar.

* eger salamlaşmazdan öň erkek adamlaryň biri elligini çyka-
ran bolsa, beýleki adam hem şeýle etmelidir. Aýal maşgala bilen sa-
lamlaşmak pursadynda erkek adam islendik ýagdaýda hem elligini
aýyrmalydyr. Ýapyk jaýlarda salamlaşmazdan öň erkek adamlar hem, aýallar hem elliklerini çykarýarlar.

* gürrüňdeşiň bilen elleşeniňizde, dik göni durmak ýa-da arkan gaýyşmak gowy däldir, bu sizi örän gopbam adam ýa-da gürrüňdeşiňi sylamaýan adam ýaly görkezer. Ýeňiljek egilmek dogry bolar, bu göwnüňiziň açykdygyny we salamlaşýan adamyňyzy sylaýandygyňyzy görkezer.

* elleşilýän wagty başga tarapa seretmek, bir eliňi jübiňe salmak ýa-da başga bir adam bilen gürleşmegi dowam etdirmek bolmaýar, bu siz barada ýaramaz täsir döreder.

* özüňize tarap gelýän adama öňünden eliňi galdyryp barmak bolmaz, bu bimany görner. Edil elleşilmeziniň öň ýany eliňi uzatmalydyr.

* ýaşlary deň adamlaryň arasynda aýallar erkek adama ilki el uzadýarlar, eger aýal maşgala elini uzatmadyk bolsa, elleşmän hem bolar.

* aýal maşgala salamlaşmak üçin elini uzadýan adamdan öň elini uzatmaga çalyşmalydyr. Tersine bolan ýagdaýynda erkek adam gelşiksiz ýagdaýa düşer.

* aýal maşgalalar ýaşy özünden esli uly adama ýa-da gulluk ýagdaýy ýokary bolan adama ilki el berýärler.

* aýallar bilen elleşip salamlaşmak bilen, erkek adam başgabyny aýyrmalydyr.

* eger siz jemgyýetçilik ulagynda, hajathanada ýa-da şoňa meňzeş ýerlerde tanşyňyza gabat gelen bolsaňyz, elleşmezlik gowy bolar. Şeýle ýagdaýlarda elleşmegiň ýerine ýeňil baş atma kabul edilendir. Bosaganyň, stoluň ýa-da germewiň üstünden elleşip salamlaşmak bolmaýar diýlip hasap edilýär.

* eger erkek adam birnäçe adamyň bar bolan otagyna girýän bolsa, tanyş adam bilen elleşilip salamlaşylýar, nätanyşlara baş atylýar. Aýal maşgala erkek adama, ýolbaşçy tabynlygyndaky işgäre, ýaşy uly ýa-da derejesi ýokary adam ýaş adama ýa-da derejesi pes işgäre ilki el uzadýar. Aýallaryň arasynda elleşip salamlaşylmagy hökman däldir. Diňe ikitaraplaýyn isleg bolan ýagdaýynda bu mümkindir. Erkek adamlardan tapawutlylykda aýallaryň elligini aýyrmagy hökman däldir. Ýüpek ellikler, laýka, mata ellikler aýalyň egin-başynyň bir bölegi bolup durýar. Bu örülen we ýyly gaýyş elliklere degişli däldir, olar elleşilen wagtynda çykarylsa gowy bolar. Eger iki aýalyň biri salamlaşylan wagtynda elligini çykaran bolsa, beýleki aýal hem şeýle etmelidir.

Elleşmegiň şu görnüşleri bardyr:
Hökümli elleşmek, ýagny bir eliň bilen goşary ýokarysyndan gysmaly, soňra ony silkmeli. Bu size salamlaşýan adamyňyzyň belli-bir wagta howuny basmaga mümkinçlik berer. Adamyň elini iki eliň bilen gysmaly. Iki syýasatçy öz aralarynda şu hili elleşip biler, çünki ol ynamy aňladýar. Tanşylýan wagtynda bu hereket ulanylmaly däldir, sebäbi ol nätanyş adamda ynamsyzlyk döredip biler.

Biperwaý elleşmek elleriň gowşak galtaşmagyndan ybaratdyr. Şunuň ýaly jansyz galtaşma özüne şunuň ýaly hereket mahsus bolan adamyň erki gowşakdyr diýen duýgy döredýär. Agyry döretmäge ukyply elleşmek barmaklaryňy gysyp, elleşmek hasap edilýär. Adatça, höküm etmäge höwesli adamlar şular ýaly elleşýärler.

Çäklendiriji elleşmek, ýagny eliňi tirsekden epmän salamlaşmak adamlaryň arasynda belli aralygyň saklanmagyna ýardam edýär. Elleşmegiň şunuň ýaly görnüşi özüni daşky täsirden goramaga çalyşýan adamlara, şeýle hem agressiw adamlara mahsusdyr. Eger çäklendiriji elleşmede diňe barmaklar uzaldylýan bolsa, onda bu ol adamyň özündäki ynamsyzlygy duýmaýandygyny görkezýär.

Çekip elleşmek, şu hili salamlaşylanda görüşýänleriň biri beýlekiniň elini özüne çekýär, bu bolsa özüne ynamy şeýle bir pes bolup, diňe şahsy zolakda bolmak zerur bolan adama mahsusdyr. Iki eliň bilen görüşmek dostlukly gatnaşygy we açyklygy görkezýär. Iki eli bilen görüşýän adam çep elini salamlaşýan adamynyň sag eliniň üstünde goýýar, şunda çep el näçe ýokarda bolsa, şonça-da duýgular güýçli ýüze çykarylýar. Mysal üçin, eginden tutýan el goşardan tutýan ele garanyňda, has köp duýgyny beýan edýär.

Çeşme: Oguljamal Geldymuhammedowa, HALKARA ETIKETI WE DIPLOMATIÝA, sah-31-35
20
400
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.