lord
02.12.2022 19:28
Etiket salamlaşmagyň bellibir kadalaryny göz öňünde tutýar:
* Wezipesi pes işgär wezipesi ýokary işgäre ilki salam berýär.

* Ýaşy kiçi işgär ýaşy uly işgäre ilki salam bermelidir.

* Erkek adam aýal maşgala ilki salam berýär. Bu kada Günbatar Ýewropada emele gelen kadadyr. Iňlis-sakson ýurtlarynda ilki aýal maşgala salam berýär, ol şeýle etmek bilen erkek adama özi bilen salamlaşmaga mümkinçilik berýär.

* Bir adam köp adama (topara) salam berýär.

* Geçip barýan adam duran adama salam berýär.

* Jaýa girýän adam jaýda öňden bar bolan adamlara salam berýär.

* Pyýada barýandan ozup geçýän adam pyýada barýana salam berýär.

* Awtoulagda oturan köçeden barýana salam berýär.

* Eger siz erkek adam bilen aýal maşgalany garşy alýan bolsaňyz, onda ilki zenan bilen, soňra onuň ýoldaşy bilen salamlaşyň.

* Ýaşy kiçi aýal maşgala özünden uly ýaşly aýala, şeýle hem özünden ýaşy ep-esli uly bolan erkek adama salam berýär.

* Gijä galýan adam garaşýan adama (eger gijä galýan aýal maşgala bolsa hem) ilki salam berýär.

* Eger iki aýal maşgala duşuşsa, olaryň biriniň ýanynda erkek adam bar bolup, beýlekisiniň hem ýeke özi bolsa ýa-da ýanynda başga bir aýal maşgala bar bolsa, onda birinji aýal salam berýär. Şeýle hem aýal maşgala erkek adamdan ozup geçýän bolsa, onda oňa salam berýär.

* Eger iki sany är-aýal duşuşsa, onda ilki aýallar bir-biri bilen salamlaşýarlar we isleg bolan wagtynda elleşip görüşýärler, soňra erkek adamlar aýallar bilen, ondan soň bir-biri bilen salamlaşýarlar.

* Resmi kabul edişliklerde myhmanlar ilkibaşda çärä beýemçilik edýän aýal maşgala we soňra erkek adama salam berýärler.
Eger aýal maşgala işgärleriň öňden ýygnanyp oturan otagyna giren bolsa, onda ol erkek adamlaryň salam bermegine garaşman, ilki salam bermelidir. Erkek adamlaryň ýerlerinden turup görüşmegi hökman däldir.

Oturan aýal wezipesi we ýaşy boýunça özi bilen deň erkek adam bilen salamlaşanda ýerinden turmaýar, ýöne jaýa wezipesi ýokary ýa-da ýaşy esli uly adam gelip girende aýal maşgala ýerinden turmalydyr. Şeýle hem aýal maşgala öý bikesi ýa-da öý eýesi, tanymal ýa-da ýaşy uly zenan bilen tanyşdyrylýan mahalynda hemişe ýerinden turmalydyr.
Eger gyzyň ýaşy 18-den pes bolsa, ol ýaşuly erkek adam ýa-da ärli aýal maşgala bilen salamlaşanda ýerinden turmalydyr. Şunda diňe erkek adamyň özi elini uzadandan soň eliňi bermeli. Şeýle hem aýal maşgala özüniň mümkin bolan iş berijisi bilen tanyşdyrylýan mahalynda, onuň erkek adamdygyna ýa-da aýal maşgaladygyna garamazdan, ýerinden turmalydyr. Şunda ol iş berijiniň özi elini uzadýança, salamlaşmak üçin elini bermeli däldir.

* eger siz uzak aralykdan (mysal üçin, köçäniň beýleki tarapynda) tanşyňyzy gören bolsaňyz, ol hem sizi gören bolsa, onuň bilen baş atyp, eliňi galdyryp salamlaşyp bolar. Gaty ses bilen gygyryp salamlaşmak gerek däl.

* eger siz uzakdan özüňe tarap gelýän tanşyňyzy gören bolsaňyz, dessine «salam» diýip gygyrmak hökman däldir. Aralyk birnäçe ädime çenli golaýlaýança garaşyp, onsoň salamlaşmalydyr.

* eger ýanyňyzdaky ýoldaşyňyz size nätanyş bolan adam bilen salamlaşan bolsa, siz hem onuň bilen salamlaşmalysyňyz.

* eger bir-biri bilen duşuşan kärdeşler toparynyň arasynda erkek adam olaryň diňe birini tanaýan bolsa, onda birinji nobatda, ol onuň töweregindäkileriň arasynda gartaşan ýaşdaky adamyň ýa-da aýal maşgalanyň bardygyna garamazdan, tanşy bilen salamlaşmalydyr. Şondan soň ol beýleki adamlar bilen tanyşdyrylýar.

* eger siziň tanşyňyz beýleki adamlar bilen bile duran bolsa, onda olaryň her biri bilen salamlaşmaly.

* özüňiziň ýygy-ýygydan duşuşýan adamlaryňyz bilen hemişe salamlaşmak gerek.

Emma salamlaşylmaýan wagtlary hem bardyr: mysal üçin, siziň öňüňizde salama mynasyp däl ýa-da özüňize betniýet bilen garaýan adam duran bolsa, onuň bilen salamlaşman bolar. Eger-de kimdir biri bilen salamlaşmakdan boýun gaçyrmak bilen biz bu adama onuň siz babatda düzgün bozandygyny, ýalňyşlyga ýol berendigini, özümiziň ýa-da ýakyn adamlarymyzyň göwnüne degendigini duýdurýarys. Şunuň ýaly ýagdaýda onuň salamlaşmagy sylagyň ýüze çykmasy bolman, äsgermezlik bolar. Adam özüne abraý getirmeýän adamlaryň arasynda duran bolsa, onuň bilen hem salamlaşylmaýar.

Çeşme: Oguljamal Geldymuhammedowa, HALKARA ETIKETI WE DIPLOMATIÝA, sah-27-31.
26
209
Myhman Myhman
4 Dekabr 2022
👍👍👍👍👍👍
gulshatayewa97
3 Dekabr 2022
Pes göwünli adam ilki Salam berýä hemme ýerde-de... brem Salamda 100 sogap barmyş 99y salamy berene 1i salamy alana
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.