ylham_gurbanaly
02.12.2022 15:28
Howalar sowuk
Güllerem soluk
Asmanym ýowuz
Dünýämi dowul
paralaşdy
Güneşi kowup,
Gar aralaşdy
Kalbymyň buzy
Durmuşym duzy
Ählisi şoldy
Bagtymyň gyzy.
Ýüregmiň yzy -
ýüregiňde
Geregim sen -
diýenimde
peýdasyz.
Şeýdasyz
Yşk bolar
öýtdüňmi?
Dertdiňmi dermansyz?!
Gysyldy mäşe
Gyryldy näçe
umyt ganatlary?
Sagatlary
durzup gitdiň aýralykda
"Nätjek, aýralyk-da!"
diýdiňde ötägitdiň.
Hata gitdiň bile-görä.
Dyňzap gitdiň
şol tarapa.
Sol tarapa
agyr düşdi.
Akyl uçdy...
Ýazylmady dile görä...


Ylham GURBANALYÝEW
24
116
kyyas2017
6 Dekabr 2022
👍👍❤️ gowy, temadan, gowy goşgy
ylham_gurbanaly
3 Dekabr 2022
Myhman Myhman, Salam. Minnetdar ýaran bolsa.
Myhman Myhman
2 Dekabr 2022
Spasibo 🥰 gowy goshgularynyz u.n
jemal_seyitniyazowa
2 Dekabr 2022
ylham_gurbanaly, gözüm gördi ýazaýdym bolýada
ylham_gurbanaly
2 Dekabr 2022
jemal_seyitniyazowa, aý, biderek kelle agyrtma) öwrenişen, hemem like üçin goýmaýanymy bilýäňä)
jemal_seyitniyazowa
2 Dekabr 2022
Heh😏 gowy eken diýip ýazmak aňsat like basmak kyn öydýän kän göryän beyle ýagdaýy
Myhman Myhman
2 Dekabr 2022
gowy eken👍
Aýdymçyoglan
2 Dekabr 2022
Maladis gawy post 🎄👍⭐👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.