violinist
02.12.2022 14:55
Aytsana señ aslyñ nurmy?
Hüýr melekleñ biri ýaly,
Jan algyçdyr jellat gözleñ,
Senli ömür diri ýaly.

Aytsana señ aslyñ gülmi?,
Ter bägüle meñzeýärsiñ.
Bir özüñde gözelligiñ,
Ählijesin jemleýärsiñ.

Ýañaklaryñ enar ýaly,
Kirpigiñ ok, gaşlaryñ ýaý,
Seni görse utanar-la,
Gijelerne ýalkymly aý.

Mähir bilen garanyñda,
Doñ ýürekler ereşip dur,
Seni gören her bir ýigit,
Öz aýagna çolaşyp dur.

Husnuñ enar, boýuñ derek,
Gunça gül deý ýañja düwen,
Seniñ bilen döwran sürjek,
Kimkä beýle bagty çüwen.

Baýram Bejidow
16
56
Aýdymçyoglan
2 Dekabr 2022
Maladis gawy post 🎄👍👍⭐👍👍🎄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.