Anthony Burgess beýnisinde rak öýjüginiň dörändigini we özüniň bir ýylyň içinde öljekdigini bilen wagty takyk 40 ýaşyndady. O wagtlar garyp adamdy, jübsünde 5 manady hem ýokdy we gysga wagt içinde dul galmaly aýalyna miras gallyryp biljek hiç zady ýokdy. Burgess geçmişde professional roman ýazyjysy däldi, asla ýazyjy hem däldi emma içinde ýazyjylyk talanty bardygyny hemişe bilýärdi. Bu sebäpden aýalyna birzatlar galdyryp bilmek üçin roman ýazmaga başlaýar. "Ýanwar 1960 säheridi. Doktoruň geçiren barlaglary netijesinde öňümde ýaşamak üçin bir sany gyş, bir sany ýaz, bir sany tomus we bir sany güýz bardy. Şol ýyl ýapraklar saralyp ýere gaçyp başlanda menem bu jahan bilen hoşlaşmalydym". Diýip başlady ilkinji jümlelerine. Anthony Burgess, tiz we howlukmaç ýagdaýda ýyl gutarmazdan ozal 5,5 roman ýazmagy başardy. E. M. Forster hem bütin ömri boýunça, hat-da Amerikanyň iň meşhur ýazyjylaryndan J. D. Salinger hem bütin ömri boýunça diňe munuň ýarysy ýaly ýazyp bilipdi. 1ýyl geçdi emma Burgess ölmändi. Ilki keseli yza çekdi,soňra bütinleý ýok boldy, we Burgess ömrü boýunça 70 den köp eser döretdi. Bularyň iň meşhury "A Clockwork Orange" atly eseridir. Anthony Burgess eger kesellemedik bolsady bu romanlaryň birini hem ýazyp bilmezdi. Aslynda köpümiz hem Anthony Burgess ýaly dälmi eýsem? Ählimiz içimizde gizlenip otyran öňe çykmak üçin birzatlaryň bolmagyna garaşýan talant saklaýas. Inni özüňizi Anthony Burgessiň ýerine goýuň. Bir ýyl soň rak keselinden aradan çykjagyňyzy gözöňüne getiriň we özüňize şu soragy beriň. Eger menem ýene bir ýyl ömrüm galanyny bilsedim durmuşymda nämeleri üýtgederdim. Soňkyja ýylymy nähili ýaşardym we nämeler etmäge başlardym.