Eserlerimiň dokuzynyň düzüw bolmagy maňa juda möhüm. Şonuň üçin olary tä göwhere öwrülýänçäler tükeniksiz alada bilen ýylmaýaryn, timarlaýaryn. Köp awtorlaryň arkaýyn aýap saklajak uly göwrümini gymmat bahaly kiçijik daşa öwürýärin.
Hatda ölümiň özem ýaşaýşy gymmatly edýär. Ýaşaýşyň kyn minutlarynda adamlar hakyky ynsan adyna laýyk bolýarlar.
Häsiýet umytlar ýykylanda, döreýär.
Wagt — tejribäniň iýmiti, paýhasyň boý alýan topragydyr. Ol ýaşlygyň dosty hem, duşmany hem bolup biler. Wagt — peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň başujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr. Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar. Ýöne ony diňe uzaklygy bilen ölçäp bolmaýar. Dub agajy ýüzlerçe ýyl ýaşaýar. Oňa çenli dirileriň kowmy birnäçe gezek çalyşýar. Emma kim tutuş asyr boýy agaç bolup ýaşamagy ynsanyň doly manyly, maksada okgunly ýaşaýşynyň ýeke gününe çalşar?! Bizi şeýle ajaýyp we çuňňur tolgunma döredýän zatlar gurşap alýar welin, munuň gadyryny öňden bilmändigime biraz utanýan.
ERNEST HEMINGUEÝ. "Gahrymanlarymy özüm saýlamadym".
"Dünýä edebiýaty". 2011. 1
Terjime eden: Hydyr Amangeldiýew
*Çeşme: Islenen.ru