ylham_gurbanaly
01.12.2022 13:26
Kynçylygy,
kemçiligi derňäp,
Ýanmaly biz aýralygyň oduna
Ähli minuslary bir ýere jemläp,
Bileje salaly ony modula

Geljegimiz barybir "x" diýme sen,
Hökman ugry bardyr - hasaplar ýaly!
"Iller näme diýer?!" söze köýme sen,
Teorema däl-ä biz - subutlar ýaly!

Hem gideli matematkaň tersine
1+1=3 bolaly,
4 bolaly,
5 bolaly (nesibe..)
Saglyk, şatlyk köpeldilsin hersine...
...Galany-da bagly Taňryň berşine,
Ýagşy niýet, gitmeris hiç hesibe

"n" derejeli bagt bolsun biz bilen
Daşymyz gurşasyn üçburçlyk ýaly
Emma amal etmän, geçsek söz bilen,
Bularyň barysy "boş köplük" ýaly...


Ylham GURBANALYÝEW
26
135
Myhman Myhman
10 Dekabr 2022
Saglyk,şatlyk köpeldilsin hersine....
Myhman Myhman
3 Dekabr 2022
👍 👍 👍 👍 👍
violinist
1 Dekabr 2022
Ähli minuslary bir ýere jemläp, Bileje salaly ony modula..
Perishdejik
1 Dekabr 2022
"Iller name diyer?!" soze koyme sen,Teorema dälä-ä biz-subutlar yaly!👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻👏🏻👏🏻
lord
1 Dekabr 2022
Hem gideli matematikaň tersine, 1+1=3 bolaly ;)))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.