Bir maşgala: eje, kaka, bir gyz, bir ogul. Bular öýleriniň ýanmagy sebäpli ölipdirler. Hemmesini bir maşgala edip ýan-ýan jaýlapdyrlar. Ýöne her gün gijäniň ýary mazarlykdan täsin seslee gelýärmiş. Bu sesler ol ýerde ýaşaýan birnäçe adamlar tarapyndan eşidilipdir. Soňra içinden biri ol sesleriň nireden gelendigini bilmek üçin gijäniň ýary mazarlyga gidipdir. Ýenede başlapdyr sesler. Ol sesler dawanyň sesi ýaly eken. Adam sesleriň gelýän tarapa gidipdir we ol seslee maşgalanyň mazaryndan gelýän eken. Soň mazary gazyp seredip görmeli diýen karara gelipdir. Halk mazary açanlarynda örän täsin galypdyrlar. Ejesiniň bolmaly ýerinde gyzy, ogulyň bolmaly ýerinde bolsa kakasy ýatan eken. Hemme haýran galypdyr. Bulaey ýene öňki ýerlerine goýup mazary ýene ýapypdyrlar. Ýöne dawa sesleri hiç hili gutarmandyr. Täzeden açyp seredipdirler, ýenede önki ýaly ýerleri çalşylan eken. Bu gezek ýerlerini çalyşman bu gezek mazardaky daşlaryň ýerlerini çalyşmaly diýen netijä gelipdirler. Şol günden son hiç hili ses gelmändir. Ol ýerdäki halka görä ol sesler maşgalanyň arasyndaky ýer dawasynyň sesleri eken...