Bir gün gurbagalar ýaryş gurypdyrlar. Olar bir beýik belentlige çykmak üçin birnäçe gurbagalar bilen ýaryşda bökişip, tomaşaçylaram çagyrypdyrlar. Tomaşaçylar bularyň üstünden gülipdirler. Gurbagalar bolsa, bökýäler... bökýäler... bökýäler... ýöne ýene ýere gaçýarlar. Käbirleri bolsa öñkisindenem has belende böküp başlaýarlar. Tomaşaçylar bolsa bularyň iş oňarmajagyny bilip olaryň üstünden gülüp durupdyrlar. Gurbagalar tomaşaçylaryň gülkilerinden ruhy peselip, öňkidenem pese böküp başlaýarlar. Diňe içinde biri iň depä bökýär. Şeýdibem ýeňiji bolýar. Hemme onuň üstünliginiň sebäbini bilmek islände, içinden biri "Ol gurbaga ker eken" diýýär
Morall: Eger-de siz üstünlik gazanmak isleseňiz daş toweregi diňlemejek boluň!