lord
30.11.2022 11:52
"Zynjyrly reaksiýa" diýilip, edil zynjyr ýaly yzygiderlilikli täsirleşmä aýdylýar. Ylymda zynjyrly reaksiýa köp ýerde duş gelýär. Meselem:
"Fizikada zynjyrly reaksiýa atomdan zarýad alynanda bolup geçýär. Has takygy, uranyň ýadrosyny iki bölege bölüp bolýar. Ony bölmek üçin uranyň ýadrosyndaky bilelikde nuklonlar diýilip atlandyrylýan protonlardan we neýtronlardan ybarat ýadronyň bir sany neýtronyny zynjyrly reaksiýa arkaly atoma ugrukdyrmaly. Uranyň ýadrosyndaky neýtronlara bir sany neýtronyň goşulmagy ýadronyň bölünmegine we bölünen ýadrodan ýylylyk energiýasy we başga-da, edil goşulan bir neýtron ýaly neýtronlar ýekelikde bölünip çykýar. Bölünen ýadrodan bölünip çykan neýtronlar öz gezeginde başga ýadrolara tarap hereket edip, ol atomlaryňam bölünmegine we olardan ýylylyk energiýasynyň we ýeke neýtronlaryň bölünip çykmagyny üpjün edýär. Bu hadysa zynjyr ýaky üznüksiz hereket edýändigi üçin oňa zynjyrly reaksiýa diýilýär.
Edil fizikadaky zynjyrly reaksiýa adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda-da bolýar. Mysal üçin, biziň ýagdaýymyz onçakly gowy bolmadyk wagty biz ýakynlarymyzyň biriniň göwnüne degmek ähtimallygymyz bar. Göwnüne degen ýakynymyz hem ýene biriniň göwnüne degip biler. Ýa-da bolmasa göwnüne degilen ýakynymyz biziň göwnümize deger. Biz hem ýene biriniň göwnüne degeris. Bu ýagdaýa negatiw zynjyrly reaksiýa diýilýär. Bu ýagdaý tersine-de bolup biler. Biziň göwnumizi bir kişi göterse, biz hem bagşa bir kişiniň göwnüni göterip bileris. Mundaky zynjyrly reaksiýa gowulyga hyzmat edýändigi üçin biz muňa pozitiw zynjyrly reaksiýa diýsegem bolar.
Zynjyrly reaksiýanyň fizikadaky usulam, adamlaryň arasyndaky negatiw we pozitiw zynjyrly reaksiýalaram tebigatda bolýan we bolaýmaly hadysadyr. Ýöne hemme zat gowulyga bolany we gowulyga hyzmat edeni ýagşy.
Hemişe pozitiw bolmalywe pozitiw zynjyrly reaksiýanyň sebäpkäri bolmaga çalyşmaly:).
22
197
Olka
30 Noýabr 2022
🙄🙄🙄🙄🙄dogry bolaymasa
aymekel
30 Noýabr 2022
Gahar adama hemme zat diydirýar
k_25n
30 Noýabr 2022
dogry diyaymek galya 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.