wolf
29.11.2022 17:37
Agladar.
Çagalykda bolsa ýekeje kemiñ,
Kemiñ ýüze basyp deñ-duş agladar.
Bagt arzuwlap ylgasañ bütin ömrüñ,
Bir akmaga gonup bagt guş agladar.

Akyl berer saña bir giden "Dana",
Işiñ düşse gider hersi bir ýana,
Ýalñyşmagyn "Dost" diýip her ynsana,
Kyn günüñ ýüz sowsa ýalñyş agladar.

Öýüñi ýylatsa baýlygyñ közi,
Men asmana tutsañam ýüzi,
"Ejiz" diýip agladaýma bir gyzy,
Gargasa ömrüñe gargyş agladar.

Bu dünýäniñ armany kän, a:ry kän,
Synla, seret kimiñ kime zary kän,
Ene-atañ bagryña bas dirikä,
Ýogsa senem bir gün durmuş agladar.
42
99
melek06
29 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻💙
Lalın
29 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍
Marýam
29 Noýabr 2022
👍.........
wolf
29 Noýabr 2022
Hemme postlarada menden like 👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.